Sazlamalary eksportla

Printer üçin sazlamany eksportlaň.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.

    Printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden printeriň IP salgysyny giriziň.

    Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy

  2. Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.

  3. Aşakdaky yzygiderlikde saýlaň.

    Device Management tab > Export and Import Setting Value > Export

  4. Eksportlamak isleýän sazlamalaryňyzy saýlaň.

    Eksportlamak isleýän sazlamalaryňyzy saýlaň. Ene kategoriýany saýlasaňyz, kiçi kategoriýalar hem saýlanylýar. Emma, şol bir torda (IP salgylar we ş.m.) dublirläp, näsazlyklara sebäp bolýan kiçi kategoriýalary saýlap bolmaýar.

  5. Eksportlanan faýly şifrlemek üçin, parol giriziň.

    Faýly importlamak üçin, size parol gerek. Faýly şifrlemek islemeýän bolsaňyz, muny boş goýuň.

  6. Export basyň.

    Möhüm:

    Printeriň enjam ady we IPv6 salgysy ýaly tor sazlamalaryny eksportlamak islemeseňiz, Enable to select the individual settings of device saýlap, has köp zat saýlaň. Çalşyrylyp goýlan printer üçin diňe saýlanan bahalary ulanyň.