> Originallary ýerleşdirmek > Originallary ýerleşdirmek

Originallary ýerleşdirmek

Originallary skaner aýnasyna ýa-da awto-berijä ýerleşdiriň.

Awto-berijä köp original ýerleşdirip bilersiňiz. Eger awto-dupleks skanlama elýeterli bolsa, originallaryň iki ýüzünem birlikde skanlap bilersiňiz. Awto-berijiniň häsiýetnamasy üçin aşakdaky baga serediň.

Awto-beriji spesifikasiýasy

Originallary ýerleşdirmek baradaky wideony görmek üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

saýlap, Usuly > Original kagyzlary Ýerleşdir saýlaň. Görmek isleýän originallaryňyzy ýerleşdirmegiň usulyny saýlaň. Animasiýa ekranyny ýapmak üçin, Gutardy saýlaň.

Skaner aýnasy ulanylanda
Üns beriň:

Skaneriň gapagyny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Möhüm:
  • Köp sanly original (mes. kitap) goýanyňyzda, skaner aýnasyna daşarky ýagtylygyň göni düşmegine ýol bermäň.

  • Skaner aýnasyna ýa-da resminama gapagyna gaty zor salmaň. Ýogsam, olara zeper ýetmegi mümkin.

Bellik:
  • Skaner aýnasynyň ýüzünde galyndy ýa-da hapa bar bolsa, şony hem almak üçin, skanlama aralygy giňelip biler, şeýlelikde originalyň suratynyň süýşmegi ýa-da kiçelmegi mümkin. Skanlamazdan öň, skaner aýnasyndaky islendik hapa-hupany aýryň.

  • Skaner aýnasynyň burçundan 1,5 mm aralyk skanlanmaýar.

  • Originallar awto-berijide we skaner aýnasynda goýlanda, awto-berijidäki originallar öňürti skanlanýar.

  • Originallary skaner aýnasynda uzak wagtlap galdyrsaňyz, olaryň aýnanyň ýüzüne ýelmeşmegi mümkin.

Awto-beriji ulanylanda
Möhüm:
  • Originallary awto-berijiniň gyra gönükdirijisiniň içindäki üçburçluk belgisiniň aşagyndaky çyzykdan ýokarda goýmaň.

  • Skanlama dowam edýärkä, originallary goşmaň.