Serwer tertibini bellemek

Document Capture Pro Server ulanmak üçin, Server Mode belläň (Web Config-den).

Bellik:

Aşakdaky menýu girmek arkaly, dolandyryş panelinden hem Server Mode belläp bilersiňiz.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Skan sazlamalary > Document Capture Pro > Iş režimi

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.

    Printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden printeriň IP salgysyny giriziň.

    Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy

  2. Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.

  3. Aşakdaky yzygiderlikde saýlaň.

    Scan/Copy tab > Document Capture Pro

  4. Server Mode saýlaň (Mode üçin).

  5. Document Capture Pro Server gurnalgy serweriň salgysyny (Server Address üçin) giriziň.

    IPv4, IPv6, host ady ýa-da FQDN formatynda 2–255 arasynda nyşan giriziň. FQDN formaty üçin, ASCII formatda harp-sifr nyşanlaryny (0x20–0x7E) we "-" ulanyp bilersiňiz (ýöne salgynyň başynda we soňunda bolmaýar).

  6. OK basyň.

    Tor gaýtadan birikýär we sazlamalar işledilýär.