Esasy SSL/TLS sazlamalaryny düzmek

Eger printer HTTPS serwer funksiýasyny goldaýan bolsa, aragatnaşyklary şifrlemek üçin SSL/TLS aragatnaşygyny ulanyp bilersiňiz. Web Config ulanmak arkaly, printeri düzüp we dolandyryp, şeýle hem, howpsuzlygy üpjün edip bilersiňiz.

Şifrleme güýjüni we gönükdiriş funksiýasyny düzüň.

  1. Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.

    Printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden printeriň IP salgysyny giriziň.

    Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy

  2. Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.

  3. Aşakdaky yzygiderlikde saýlaň.

    Network Security tab > SSL/TLS > Basic

  4. Her bir zat üçin, baha saýlaň.

    • Encryption Strength
      Şifrleme güýjüniň derejesini saýlaň.
    • Redirect HTTP to HTTPS
      Işletmegi ýa-da ýapmagy saýlaň. Standart baha "Enable".
    • TLS 1.0
      Işletmegi ýa-da ýapmagy saýlaň. Standart baha "Disable".
    • TLS.1.1
      Işletmegi ýa-da ýapmagy saýlaň. Standart baha "Disable".
    • TLS.1.2
      Işletmegi ýa-da ýapmagy saýlaň. Standart baha "Enable".
  5. Next basyň.

    Tassyklama haty görkezilýär.

  6. OK basyň.

    Printer täzelenilýär.