JPEG faýllarynyň ýerleşim usulyny saýlaň. 1-up her sahypada bir faýl çap etmek üçin. 20-up her sahypada 20 faýl çap etmek üçin. Indeks maglumatly indeks çap ediş üçin.
Çarçuwa sygdyrmak
Saýlanan çap ediş ýerleşimine awtomatik sygar ýaly, suraty kesmek üçin, Açyk saýlaň. Surat maglumatynyň ölçeg gatnaşygy kagyz ölçegi tapawutly bolsa, gysga taraplar kagyzyň gysga tarapyna gabat geler ýaly edip, surat awtomatik ulaldylýar ýa-da kiçeldilýär. Suratyň uzyn gyrasy kagyzyň uzyn tarapyndan uzyn bolsa kesilýär. Bu aýratynlyk panorama fotosuratlarda işlemän biler.
Hil
Has ýokary hilli çap etmek üçin, Iň Gowy saýlaň, ýöne çap ediş tizligi haýallap biler.
Sene
Fotosuratyň düşürilen ýa-da ýazdyrylan senesiniň formatyny saýlaň. Käbir ýerleşimlerde sene çap edilmeýär.
Suraty Düzet
Fotosuratyň ýagtylygyny, kontrastyny we doýgunlygyny awtomatik gowulandyrmak üçin, şu tertibi saýlaň. Awtomatik gowulandyrmagy ýapmak üçin, Gowulandyrma Ýapyk saýlaň.
Gyzyl Gözi Düzet
Fotosuratlarda gyzylgöz effektini awtomatik düzetmek üçin, Açyk saýlaň. Düzedişler original faýlda däl-de, diňe çykýan kagyzlarda ulanylýar. Fotosuratyň görnüşine baglylykda, suratyň gözden başga böleklerini düzedip bolýar.