Wi-Fi Direct arkaly enjamlara birikmek

Bu usul printeri simsiz rutersiz göni enjamlara birikdirmäge mümkinçilik berýär.

Bellik:

iOS ýa-da Android ulanyjylary üçin Epson Smart Panel-den sazlamak oňaýlydyr.

Birikdirmek isleýän printeriňiz we enjamyňyz üçin şu sazlamalary diňe bir gezek belleseňiz bolany. Wi-Fi Direct-i ýapmasaňyz ýa-da tor sazlamalaryny aslyna dikeltmeseňiz, ol sazlamalary gaýtadan bellemegiňiz gerek däl.

  1. Öý ekranda basyň.

  2. Wi-Fi Direct basyň.

  3. Gurnawy başlatmak basyň.

  4. Başga usullar saýlaň.

  5. Başga OU enjamlary saýlaň.

  6. Enjamyň Wi-Fi ekranynda printeriň dolandyryş panelinde görkezilýän SSID-i saýlap, paroly giriziň.

  7. Enjam üçin çap ediş programmasynyň ekranynda birikmek isleýän printeriňizi saýlaň.

  8. Printeriň dolandyryş panelinde Tamaml. saýlaň.

Printere öň birigen enjamlary gaýtadan birikdirmek üçin, enjamyň Wi-Fi ekranynda tor adyny (SSID) saýlaň.

Bellik:

iOS enjamyny ulanýan bolsaňyz, QR koduny standart iOS kamerasy bilen skanlamak arkaly hem birigip bilersiňiz. Aşakdaky https://epson.sn bagyna serediň.