Bu printeriň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek üçin, şu görkezmeleri okaň we berjaý ediň. Soň salgylanar ýaly, şu gollanmany hökman saklaň. Printerde bellenilen ähli duýduryşlary we görkezmeleri hökman ýerine ýetiriň.
Printeriňizde ulanylan käbir simwollar printeriň howpsuzlygyny we dogry ulanylmagyny üpjün etmek üçindir. Simwollaryň manysyny öwrenmek üçin, aşakdaky websaýta baryň.
Diňe printeriň ýany bilen gelýän tok şnuruny ulanyň we ol şnury başga enjamlarda ulanmaň. Bu printerde başga şnurlary ulanmaklyk ýa-da berlen şnury başga enjamlarda ulanmaklyk ýangynyň döremegine ýa-da tok urmagyna sebäp bolup biler.
Tok şnurunyň degişli ýerli howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini anyklaň.
Eger printeriň gollanmasynda ýörite görkezilmeýän bolsa, onda tok şnuruny, wilkany, printer bloguny, skaner bloguny ýa-da goşmaça opsiýalary hiç haçan özbaşdak sökmäň, üýtgetmäň ýa-da bejerjek bolmaň.
Şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda, printeri tokdan aýryň we ökde hünärli serwis işgärlerine bejertmäge äkidiň:
Tok şnuruna ýa-da wilka zeper ýetende; printeriň içine suwuklyk gidende; printer ýere gaçanda ýa-da korpusyna zeper ýetende; printer kadaly işlemese ýa-da işleýşi mese-mälim peselende. Ulanyş görkezmelerinde beýan edilmedik regulirlemeleri sazlamaň.
Printeri tok şnuruny aňsat birikdirmek üçin elektrik rozetkasynyň golaýynda ýerleşdiriň.
Printeri açyk howada, gaty hapa ýa-da tozanly ýerlerde, suw we ýylylyk çeşmeleriniň ýanynda, urgy, titreme, ýokary temperatura ýa-da çyglylyk bolýan ýerlerde goýmaň ýa-da saklamaň.
Seresap boluň, printeriň üstüne suwuklyk dökmäň we printeri öl el bilen ellemäň.
Printeri kardiostimulýatorlardan azyndan 22 sm uzakda saklaň. Printerden çykýan radiotolkunlar kardiostimulýatorlaryň işleýşine ýaramaz täsir edip biler.
Eger LCD ekrana zeper ýetse, dileriňize ýüz tutuň. Suwuk kristal ergin eliňize degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň. Suwuk kristal ergin gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.
Ýyldyrymly tupan wagtynda telefon ulanmakdan gaça duruň. Ýyldyrym urmak howpy ýüze çykyp biler.
Gazyň syzýandygyny habar bermek üçin, gazyň syzýan ýeriniň golaýynda telefon ulanmaň.
Printer agyrdyr, ony ikiden az adam götermeli däl ýa-da daşamaly däl. Kagyz kassetasy 1-den başga kagyz kassetasy gurnalgy bolsa, printeri götermezden öň olary aýryň. Printer göterilende, iki ýa-da has köp adam aşakda görkezilişi ýaly dogry pozisiýada durmaly.

Ulanylan syýa eltip berme enjamlaryna seresaplyk bilen çemeleşiň, sebäbi syýa çykýan deşigiň töwereginde syýa bar bolmagy mümkin.
Endamyňyza syýa degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň.
Syýa gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.
Syýa agzyňyza girse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.
syýa eltip berme enjamyny we tehniki hyzmat gutusyny sökmäň; ýogsam, gözüňize ýa-da endamyňyza syýanyň degmegi mümkin.
syýa eltip berme enjamlaryny gaty çaýkamaň; ýogsam, syýa eltip berme enjamlaryndan syýanyň syzmagy mümkin.
syýa eltip berme enjamlaryny we tehniki hyzmat gutusyny çagalaryň elýeterinden uzakda goýuň.