Lüleler dykylsa, çap edişler solgun reňkli bolar, göze görnüp duran zolaklar görner ýa-da garaşylmadyk reňkler peýda bolar. Lüleler erbet dykylan bolsa, boş list çap ediler. Çap etmegiň hili peselende, ilki bilen lüle-barlag funksiýasyny ulanyp, lüleleriň dykylmandygyny barlaň. Lüleler dykylan bolsa, çap ediş golowkasyny arassalaň.
Golowka arassalanylýarka, syýa beriş blogunyň gapagyny açmaň ýa-da printeriň toguny öçürmäň. Eger golowkany arassalamaklyk doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Golowka arassalamak syýa sarp edýär we ony gereginden artyk ýerine ýetirmeli däl.
Syýa azalanda, çap ediş golowkasyny arassalap bolmazlygy mümkin.
Lüle barlagy we golowka arassalamak 4 gezek gaýtalansa-da, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 6 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny we golowka arassalamagy ýene bir gezek gaýtalaň. Biz printeri
düwmesi arkaly öçürmegi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Güýçli arassalaýyş işlediň.
Çap ediş golowkasynyň guramazlygy üçin, printeri işläp durka tokdan sogurmaň.