Faýl serwerleri üçin düzülişiň mysaly

Bu mysalda şu aşakdaky şertde faýl serweri ýaly görnüşde, paýlaşylýan kompýuterde diskiň düýbünde paýlaşylýan bukja döretmek düşündirilýär.

Paýlaşylýan bukja döretmek üçin şol bir kompýuteriň domeni bar bolan kişi ýaly giriş-dolandyrylýan ulanyjylar bukja girip bilýär.

Faýl serweri we paýlaşylýan kompýuter ýaly, kompýuterdäki paýlaşylýan bukjada islendik ulanyjynyň okamagyna we ýazmagyna rugsat bermek isleseňiz, şu düzülişi ulanyň.

  • Paýlaşylýan bukjany döretmek üçin ýer: Diskiň düýbi

  • Bukja ýoly: C:\skan_bukjasy

  • Tor arkaly giriş rugsady (Paýlaşyk rugsatlary): Hemmeler

  • Faýl ulgamynda giriş rugsady (Howpsuzlyk): Hakykylygy-barlanan ulanyjylar

  1. Paýlaşylýan bukjanyň dörediljek kompýuterine administrator ygtyýarlygy bar bolan ulanyjy hasaby bilen giriň.

  2. Ýolbeledi başladyň.

  3. Diskiň düýbünde bukjany döredip, oňa «skan_bukjasy» diýip at beriň.

    Bukjanyň ady üçin 1–12 harp-sifr nyşan giriziň. Bukja adynyň nyşan çäginden geçilse, her dürli gurşaw sebäpli, oňa kadaly girip bilmezligiňiz mümkin.

  4. Bukja sag basyp, Aýratynlyklar saýlaň.

  5. Paýlaşyk tabynda Kämil paýlaşyk basyň.

  6. Şu bukjany paýlaş saýlap, Rugsatlar basyň.

  7. Topar ýa-da ulanyjy atlary-nda Hemmeler saýlap, Üýtget-de Rugsat ber saýlaň we OK basyň.

  8. OK basyň.

  9. Howpsuzlyk tabyny saýlap, Topar ýa-da ulanyjy atlary-nda Hakykylygy-barlanan ulanyjylar saýlaň.

    «Hakykylygy-barlanan ulanyjylar» diýlip, domene ýa-da kompýutere ulgama girip bilýän ähli ulanyjylary öz içine alýan ýörite topara aýdylýar. Bu topar diňe bukja göni düýp bukjanyň aşagynda döredilende görkezilýär.

    Eger ol görkezilmeýän bolsa, ony Redaktirle basyp goşup bilersiňiz. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Dahylly maglumata serediň.

  10. Hakykylygy-barlanan ulanyjylar üçin rugsatlar-da Üýtget-de Rugsat ber saýlanandygyny barlaň.

    Eger ol saýlanylmadyk bolsa, Hakykylygy-barlanan ulanyjylar saýlap, Redaktirle basyp, Hakykylygy-barlanan ulanyjylar üçin rugsatlar-da Üýtget-de Rugsat ber saýlaň we OK basyň.

  11. Paýlaşyk tabyny saýlaň.

    Paýlaşylýan bukjanyň tor ýoly görkezilýär. Ol printeriň kontaktlaryna bellige alnanda ulanylýar. Ony özüňize ýazyp alyň.

  12. Ekrany ýapmak üçin, OK ýa-da Ýap basyň.

    Şol bir domeni kompýuterlerinden paýlaşylýan bukjada faýly ýazyp ýa-da okap bolýarmy-ýokmy barlaň.