Epson Täze Zelandiýa sizi müşderi hyzmatynyň ýokary hili bilen üpjün etmek isleýär. Önümiň gollanmasyna goşmaça, maglumat almak üçin biz aşakdakylar bilen üpjün edýäris:
Epson Täze Zelandiýanyň web sahypalaryna giriň. Isledigiňızçe gezmek üçin, modemiňizı hem alyp geliň! Websaýt size draýwer göçürip alynýan ýerleri, Epson-yň habarlaşmak üçin nokatlaryny, täze önümler barada maglumatlary we tehniki goldawy (e-poçta) hödürleýär.
Telefon: 0800 237 766
Epson tehniki goldaw gullugy müşderilere gerekli maslahatlary gutarnykly üpjün edýär. Operatorlar size Epson önümini gurnamaga, düzmäge we işletmäge kömek edýärler. Satyşdan öňki tehniki goldaw işgärlerimiz size täze Epson önümleri barada materiallary, şeýle hem, iň golaýdaky dileriň ýa-da serwis agentiniň nirede ýerleşýändigi hakda maglumatlary üpjün edýärler. Bu ýerde köp dürli soraglara jogap berilýär.
Jaň eden wagtyňyz ähli degişli maglumatlary el ýüzde goýmagyňyzy maslahat berýäris. Näçe köp maglumat taýýarlasaňyz, şonça-da problema çalt çözüler. Bu maglumata Epson önümiňiziň resminamalary, kompýuteriň görnüşi, operasion ulgamy, programmalar ýa-da islendik beýleki zerur hasaplan maglumatlaryňyz girýär.
Epson önümiň gabyny indiki daşamaklyk üçin saklamagy maslahat berýär.