Togy öçürip, tok şnuruny sogruň we ähli simleriň tokdan aýrylandygyny barlaň. Şnura zeper ýeten bolmagy mümkin, ol tok urup ýa-da ýangyn döredip biler.
Elektrostatik zarýadyň aýrylmagy printeriň şaýlaryna zeper ýetirip biler. Ethernet platasyny gurnamazdan öň, özüňiz zazemleniýä degmek arkaly, bedeniňizdäki statik elektrik toguny aýryň.
düwmesini basyp, printeri ýapyň.
Tok şnury we USB kabeli ýaly ähli kabelleri sogruň.
Iki şurupy gowşadyp, gapagy aýryň.

Ethernet platasy üçin goýlan goşmaça interfeýs slotuna göni Ethernet platasyny gurnaň.
Ethernet platasyny slota jebis giriziň.

Ethernet platasynyň gapagyny aýyrmaň.
Ethernet platasynyň klemmalaryny aýyrmaň.
Ethernet platasyny iki şurup bilen berkidiň.
Aýrylan tok şnuruny we USB kabeli birikdiriň.
düwmesini basyp, Wezipe Ýagdaýy > Opsiýalar saýlaň we Ethernet platasy dogry gurnalanmy-dälmi tassyklaň.
Proşiwkany täzelemek üçin, Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Ulgam Dolandyrylyşy > Firma progr. täzele > Täzele saýlaň.