Web Config arkaly kontaktlary ätiýaçlamak

Printeriň näsazlygy sebäpli, kontaktlar barada maglumatlaryň ýitmegi mümkin. Maglumaty täzelän wagtyňyz, ony ätiýaçlamagyňyzy hem maslahat berýäris. Kepillik möhletiniň dowamynda hem bolsa, maglumatlaryň we/ýa-da sazlamalaryň ätiýaçlanmagy ýa-da dikeldilmegi sebäpli maglumatlar ýiten ýagdaýynda Epson jogapkärçilik çekmeýär.

Web Config ulanmak arkaly, printerde saklanýan kontakt maglumatyny kompýutere ätiýaçlap hem bilersiňiz.

  1. Web Config girip, Device Management taby > Export and Import Setting Value > Export saýlaň.

  2. Contacts gutujyklarynyň birini saýlaň.

    Meselem, Contacts saýlasaňyz (Scan/Copy kategoriýasynda), Fax kategoriýasynda şol bir gutujyk saýlanylýar.

  3. Eksportlanan faýly şifrlemek üçin, parol giriziň.

    Faýly importlamak üçin, size parol gerek. Faýly şifrlemek islemeýän bolsaňyz, muny boş goýuň.

  4. Export basyň.