Epson-a ýüz tutmazdan öň

Eger Epson önümiňiz talabalaýyk işlemeýän bolsa we önümiň gollanmalarynda görkezilýän näsazlyklary düzediş maglumatynyň esasynda problemany çözüp bilmeseňiz, onda kömek soramak üçin Epson goldaw hyzmatlaryna ýüz tutuň. Eger aşakdaky sanawda siziň sebitiňiz üçin Epson goldawy ýok bolsa, önümi satyn alan ýeriňizdäki dilere ýüz tutuň.

Eger şu aşakdaky maglumatlary berseňiz, Epson goldaw topary size has çalt kömek edip biler:

  • Önümiň seriýa belgisi

    (Seriýa belgisi ýazylan etiketka köplenç önümiň arka tarapynda bolýar.)

  • Önümiň modeli

  • Önümiň programma üpjünçiligi modeli

    (Önümiň programma üpjünçiliginde About, Version Info ýa-da şoňa meňzeş düwmä basyň.)

  • Kompýuteriňiziň markasy we modeli

  • Kompýuteriňizdäki operasion ulgamyň ady we wersiýasy

  • Köplenç önüm bilen bilelikde ulanýan programma üpjünçiligi goýmalaryňyzyň atlary we wersiýalary

Bellik:

Önüme baglylykda, faks we/ýa-da tor sazlamalary üçin belgi aýlaýyş sanawynyň önümiň ýadynda saklanylmagy mümkin. Önümiň döwülmegi ýa-da bejerilmegi sebäpli, maglumatyň we/ýa-da sazlamalaryň ýitmegi mümkin. Kepillik möhletiniň dowamynda hem bolsa, maglumatlaryň we/ýa-da sazlamalaryň ätiýaçlanmagy ýa-da dikeldilmegi sebäpli maglumatlar ýiten ýagdaýynda Epson jogapkärçilik çekmeýär. Maglumaty ätiýaçlamagyňyzy ýa-da belläp almagyňyzy maslahat berýäris.