Käbir çap ediş döwrelerinde, tehniki hyzmat gutusynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Tehniki hyzmat gutusyndan syýanyň syzmazlygy üçin, ol gutynyň siňdiriş güýji öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär.
Tehniki hyzmat gutusyny çalşyrmagy soraýan hat görkezilse, dolandyryş panelinde görkezilýän animasiýalara serediň. Gutyny çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar. Bu detala ulanyjynyň özi serwis edip bilýär.
Tehniki hyzmat gutusy dolanda, syýa syzmaz ýaly, ony çalşyrýançaňyz, çap edip we çap ediş golowkasyny arassalap bilmersiňiz. Ýöne, skanlamak ýaly syýa ulanmaýan amallary ýerine ýetirip bilersiňiz.