Awto-berijini arassalamak

Awto-berijiden nusgalanan ýa-da skanlanan suratlar çyrşak bolsa, ýa-da originallar awto-berijiden dogry berilmeýän bolsa, awto-berijini arassalaň.

Möhüm:

Printeri arassalamak üçin hiç wagt alkogol (spirt) ýa-da suwaldyjy ulanmaň. Ol himiki serişdeler printere zeper ýetirip biler.

  1. Awto-berijiniň gapagyny açyň.

  2. Roligi we awto-berijiniň içini arassalamak üçin, ýumşak, çygly mata ulanyň.

    Möhüm:
    • Gury mata ulanmak roligiň ýüzüne zeper ýetirip biler.

    • Awto-berijini rolik guransoň ulanyň.

  3. Awto-berijiniň gapagyny ýapyň.

    Ryçagy şyrkyldaýança basyň.

  4. Skaneriň gapagyny açyň.

  5. Arassalaýjy matany saklaýjydan arassalaýjy matany alyň.

  6. Arassalaýjy mata ulanyp, suratda görkezilýän bölegi arassalaň.

    Möhüm:
    • Eger aýnada ýag ýa-da aýyrmasy kyn tegmil bar bolsa, biraz aýna arassalaýjy serişde we ýumşak mata bilen tegmili aýryň. Ähli galan suwuklygy süpürip aýryň.

    • Aýnanyň ýüzüni gaty basmaň.

    • Aýnanyň ýüzüni çyzaýmaň ýa-da oňa zeper ýetiräýmäň. Aýnanyň ýüzüne zeper ýetse, skanlamagyň hili peselip biler.

  7. Arassalaýjy matany saklaýjyda goýuň.

  8. Skaneriň gapagyny ýapyň.