Dolandyryş panelinde hatlar görkezilýär

Dolandyryş panelinde näsazlyk hatlary görkezilende, problemalary çözmek üçin hatyň özüni ýa-da aşakdaky sanawy barlaň.

Hatlar

Çözgütler

DNS ýalňyş. DNS sazlamalary barlaň.

Kompýutere birigip bolmaýar. Aşakdakylary barlaň.

  • Printeriň kontaktlar sanawyndaky salgy bilen paýlaşylan bukjanyň salgysy birmeňzeş bolmalydyr.

  • Eger kompýuteriň IP salgysy statik we elde bellenilen bolsa, tor ýolundaky kompýuter adyny IP salgysyna üýtgediň.

    Meselem: \\EPSON02\SCAN\\192.168.xxx.xxx\SCAN

  • Kompýuter açyk bolmalydyr we uklamaly däldir. Eger kompýuter uklasa, skanlanan suratlary paýlaşylýan bukja ýazdyryp bilmersiňiz.

  • Kompýuteriň gorag diwaryny we howpsuzlyk programma üpjünçiligini wagtlaýynça ýapyň. Eger ol näsazlygy aýyrsa, howpsuzlyk programma üpjünçiligindäki sazlamalary barlaň.

  • Tor ýeri hökmünde Köpçülige açyk tor saýlanylsa, skanlanan suratlary paýlaşylýan bukja ýazdyryp bilmersiňiz. Her port üçin ugradyş sazlamalaryny belläň.

  • Eger noutbuk kompýuter ulanýan bolsaňyz we IP salgysy DHCP edilip bellen bolsa, tora gaýtadan birigilende, IP salgysy üýtgäp biler. IP salgysyny gaýtadan alyň.

  • DNS sazlamasy dogry bolsun. DNS sazlamalary üçin, tor administratoryňyza ýüz tutuň.

  • DNS serweriniň dolandyryş tablisasy täzelenmedik wagty, kompýuter ady we IP salgysy dürlüçe bolup biler. DNS serwer administratoryňyza ýüz tutuň.

Anyklama ýalňyş. Email Serwer Sazlamalar barlaň.

Kompýuterde ulanyjy ady we parol, printerde kontaktlar dogry bolsun. Parolyň möhletiniň gutarmandygyny hem anyklaň.

Aragatnaşyk ýalňyş. Wi-Fi/tor baglanmasyny barlaň.

Kontaktlar sanawynda bellige alnan tor bukjasy bilen aragatnaşyk edip bolmaýar. Aşakdakylary barlaň.

  • Use Microsoft network sharing işledilenmi-dälmi anyklaň (Web Config-de).

    Network > MS Network saýlaň ( Web Config-de).

  • Printeriň kontaktlar sanawyndaky salgy bilen paýlaşylan bukjanyň salgysy birmeňzeş bolmalydyr.

  • Kontaktlar sanawyndaky ulanyjy üçin giriş hukuklaryny paýlaşylýan bukjanyň aýratynlyklaryndaky Paýlaşyk tabynda we Howpsuzlyk tabynda goşmaly. Ulanyjy üçin rugsatlary hem "rugsat berildi" diýip bellemeli.

Faýl ady eýýam ulanyşda. Faýl adyny üýtgediň we gaýtadan skan ediň.

Faýl ady sazlamalaryny üýtgediň. Ýogsam, faýllary geçiriň ýa-da öçüriň, ýa-da paýlaşylýan bukjada faýl adyny üýtgediň.

Skan edilen faýl(lar)has uly. DiňeXX sahypa(lar) ugradyldy. Barmaly ýeriniň ýadynda boş ýeriň ýeterlidigini barlaň.

Kompýuterde ýeterlik disk ýeri ýok. Kompýuterde boş ýer köpeldiň.

Näsazlygyň ýüze çykan nokadyny barlamak

Çözgütler

Skanlanan suratlar paýlaşylýan bukja ýazdyrylanda, ýazdyryş prosesi aşakdaky ýaly dowam edýär.Näsazlygyň ýüze çykan nokadyny barlap bilersiňiz.

Elementler

Işlediş

Näsazlyk barada hatlar

Birikmek

Kompýutere printerden birigiň.

DNS ýalňyş. DNS sazlamalary barlaň.

Kompýutere girmek

Kompýutere ulanyjy ady we paroly bilen giriň.

Anyklama ýalňyş. Email Serwer Sazlamalar barlaň.

Ýazdyrylmaly bukjany barlamak

Paýlaşylýan bukjanyň tor ýoluny barlaň.

Aragatnaşyk ýalňyş. Wi-Fi/tor baglanmasyny barlaň.

Faýl adyny barlamak

Bukjada ýazdyrmak isleýän faýlyňyz bilen atdaş faýl barmy-ýokmy barlaň.

Faýl ady eýýam ulanyşda. Faýl adyny üýtgediň we gaýtadan skan ediň.

Faýly ýazmak

Täze faýl ýazyň.

Skan edilen faýl(lar)has uly. DiňeXX sahypa(lar) ugradyldy. Barmaly ýeriniň ýadynda boş ýeriň ýeterlidigini barlaň.