Fakslary printer arkaly alyp we printere birigen kompýuterde PDF ýa-da TIFF formatda ýazdyryp bolýar. Sazlamalary bellemek üçin, FAX Utility (programma) ulanyň.
FAX Utility işletmek barada jikme-jiklik üçin, Basic Operations serediň (FAX Utility kömeginde) (esasy penjirede görkezilýär). Eger sazlamalary belleýän wagtyňyz, kompýuteriň ekranynda parol giriziş ekrany görkezilse, paroly giriziň. Paroly bilmeýän bolsaňyz, öz administratoryňyza ýüz tutuň.
Bu aýratynlygy ulanmazdan öň, FAX Utility we printeriň PC-FAX draýweri gurnalanmy-dälmi we FAX Utility sazlamalary bellenenmi-dälmi barlaň.
Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)
FAX Utility gurnalmadyk bolsa, FAX Utility gurnaň (EPSON Software Updater arkaly) (programma üpjünçiligini täzeleýji programma).
Fakslary kompýuterde almak üçin, printeriň dolandyryş panelinde Kabul Ediş Tertibi sazlamasyny Awto edip bellemeli. Printer sazlamalary ýagdaýy barada maglumat üçin administratoryňyza ýüz tutuň. Printeriň dolandyryş panelinde sazlamalary bellemek üçin, Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Esasy Sazlamalar > Kabul Ediş Tertibi saýlaň.
Fakslary almaga bellenilen kompýuter hemişe açyk bolmalydyr. Kompýutere ýazdyrylmazdan öň, alnan resminamalar printeriň ýadyna wagtlaýynça ýazdyrylýar. Eger kompýuteri ýapsaňyz, oňa resminamalary iberip bilmeýändigi sebäpli, printeriň ýady dolup biler.
Printeriň ýadyna wagtlaýynça ýazdyrylan resminamalaryň sany öý ekranda
arkaly görkezilýär.
Alnan fakslary okamak üçin, siz kompýuterde Adobe Reader ýaly bir PDF görkeziji gurnamaly bolarsyňyz.