Ulgam Dolandyrylyşy

Bu menýuny ulanmak bilen, siz önüme ulgam administratory hökmünde tehniki hyzmat edip bilersiňiz. Ol size öz iş ýa-da ofis stiliňize görä ulanyjylara önüm funksiýalaryny çäklendirmäge hem mümkinçilik berýär.

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Ulgam Dolandyrylyşy

Kontaktlary Dolandyryjy
Bellige al/Öçür:

Faks, Kompýutere (Elektron poçta) we Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek menýulary üçin kontaktlary bellige alyň we/ýa-da öçüriň.

Ýygy:

Ýygy ulanylýan kontaktlary çalt girer ýaly bellige alyň. Sanawyň yzygiderligini üýtgedip hem bilersiňiz.

Kontaktlary Çap Etmek:

Kontakt sanawyňyzy çap ediň.

Opsiýalary görmek:

Kontaktyň görkezilýän usulyny üýtgediň.

Opsiýalary gözlemek:

Kontaktlary gözlemek usulyny üýtgediň.

Reňk duýgurlygyny nusgala:

Awto arkaly nusgalanan wagty, resminama ak-garamy ýa-da reňklimi kesgitlemek üçin, duýgurlyk sazlamasyny saýlaň.

Has köp Gara-ak we Has köp Reňk aralygyndaky bäş derejeden duýgurlygy saýlap bilersiňiz.

Resminamalar Has köp Gara-ak golaý saýlananda ak-gara, Has köp Reňk golaý saýlananda reňkli skanlanmaga meýilli bolýar.

Skaner arassalamak teklibi:

Awto-berijiniň skanlama komponentlerini arassalamagyň wagtyny habar berýän hatyň görkezilmegini islemeseňiz, Ýapyk saýlaň.

Sahypa sanyny nol et:

Interfeýse görä saklanylýan reňkli we monohrom sahypalaryň jemi sanyny nol edýär: Standart tor, Goşmaça tor we Başga.

Ýöne, çap edişleriň jemi sany we kagyz ölçegine görä çap edilen sahypalaryň sany nol edilmez.

Islege bagly gurnalan tor interfeýsinden çap edilen sahypalaryň sany «Goşmaça torda» sanalýar we USB interfeýsinden, faksdan, nusgalamadan we ş.m. çap edilen sahypalaryň sany «Başgada» sanalýar.

Interfeýse görä saklanylýan sahypalaryň häzirki sanyny Ulanyş taryhy listinden barlap bilersiňiz (Sazlamalar > Çap Ediji ýagdaýy/Çap et > Ulanyş Taryhy Sahypasy).

Içki Ýat Maglumaty arassalamak:

Bu element PCL ýa-da PostScript-ylalaşykly printerde görkezilýär.

Printeriň içerki ýat maglumatyny (mes. PCL çap ediş üçin göçürilip alnan şrift we makros, ýa-da parol çap ediş işi) öçüriň.

HDD Sazlamalary öçür:

Içerki gaty diskde duran maglumaty işlemek üçin sazlamalary belläň.

Hakykylygy barlanan çap ediş üçin maglumaty, şeýle hem, uly möçberde nusgalamany, skanlamany, çap edişi we ş.m. işlemek üçin, çap ediş, nusgalama we skanlama işleri gaty diske wagtlaýynça ýazdyrylýar. Ol maglumaty howpsuz pozar ýaly sazlamalary belläň.

Ýat Awto Öçürme Sazlamalary:

Ol işledilende, çap ediş ýa-da skanlama dynyp, degişli maglumat gereksiz boldugyça yzly-yzyna pozulýar. Bu funksiýa işledilse, öçürilmeli ýere maglumat ýazylýar.

Gaty diske giriş gerekdigi sebäpli, güýç tygşytlama tertibini girizmegiň wagty gijigýär.

Ähli Ýady Öçür:

Gaty diskdäki ähli maglumaty pozýar. Formatlama dowam edýärkä, başga amallary ýerine ýetirip ýa-da enjamy ýapyp bilmersiňiz.

  • Ýokary tizlik:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar.

  • Üstünden ýazma:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden başga maglumat ýazýar.

  • Üç gezek üstünden ýaz:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden üç gezek başga maglumat ýazýar.

Howpsuzlyk:

Aşakdaky howpsuzlyk sazlamalaryny belläp bilersiňiz.

Çäklendirmeler:

Panel gulpy işledilende, aşakdaky zatlaryň sazlamalaryny üýtgetmäge rugsat beriň.

  • Iş log girişi

  • Bellige Almaga Giriş/Kontaktlary Öçür

  • Faks Soňky giriş

  • Faks Geçiriş Žurnalyna giriş

  • Faks Hasabatyna giriş

  • Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek Ýat Taryhy Çap Etmek üçin Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Soňky Ýerlerine Giriş

  • Elktrn pçtsna sknrlmk Sňky Ibrln Tarhny Grkzmk üçn Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Iberln Taryhy Çp Etmk üçn Girş

  • Dile Giriş

  • Galyň Kagyz Giriş

  • Sessiz Tertip Giriş

  • Şahsy Maglumatlaryň Goralmagy

Giriş Gözegçiligi:

Önüm aýratynlyklaryny çäklendirmek üçin, Açyk saýlaň. Ol ulanyjylaryň dolandyryş paneliniň aýratynlyklaryny ulanyp bilmegi üçin öz ulanyjy adyny we parolyny ulanyp, önümiň dolandyryş paneline girmegini talap edýär. Bilinmeýän ulanyjy işlerini kabul etmek arkaly gerekli hakykylyk-barlag maglumaty ýok bolan işlere rugsat bermelimi-dälmi saýlap bilersiňiz.

Dolandyryş Sazlamalary:
  • Dolandyryjy Açarsözi

    Administrator parolyny belläň, üýtgediň we aýryň.

  • Sazlamalary Gulplamak

    Dolandyryjy Açarsözinda bellige alnan parol arkaly dolandyryş panelini gulplamalymy-dälmi saýlaň.

Parol şifrlemesi:

Parolyňyzy şifrlemek üçin, Açyk saýlaň. Şifrleme açaryny ätiýaçlamak üçin, USB enjamyny hem birikdirip bilersiňiz.

Audit penjiresi:

Audit loguny ýazga geçirmek üçin, Açyk saýlaň.

Başlanda programma anyklaýyşy:

Başladylanda printeriň programmasyny tassyklamak üçin, Açyk saýlaň.

Müşderileri öwreniş:

Çap edişleriň sany ýaly önüm ulanyş maglumatyny Seiko Epson Corporation-a bermek üçin, Tassykla saýlaň.

Öňki Sazlamalary Dikelt:

Aşakdaky menýularyň sazlamalaryny aslyna nol ediň.

  • Tor Sazlamalary

  • Sazlamalary Göçürmek

  • Skan sazlamalary

  • Faks Sazlamalary

  • Ähli Maglumatlary we Sazlamalary Arassala

Firma progr. täzele:

Siz häzirki wersiýa ýaly proşiwka maglumatyny we elýeterli täzelemeler hakda maglumaty alyp bilersiňiz.

Täzele:

Tor serwerine iň täze proşiwka wersiýasy ýüklenenmi-dälmi barlaň.Eger täzeleme elýeterli bolsa, täzeläp başlamalymy-dälmi saýlaň.

Duýduryş:

Proşiwka täzelemesi elýeterli bolsa, habarnama almak üçin, Açyk saýlaň.