Esasy Sazlamalar

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Esasy Sazlamalar

Siz administratoryň gulplan sazlamalaryny üýtgedip bilmeýärsiňiz.

LCD Ýagtylygy:

LCD ekranyň ýagtylygyny sazlaň.

Sesler:

Sesi sazlaň.

  • Sesini Öçür

    Ähli sesi ýapmak üçin, Açyk saýlaň.

  • Adaty tertip

    Düwma Basmak ýaly sesi saýlaň.

  • Sessiz Tertip

    Düwma Basmak ýaly sesi Sessiz Reje içinde saýlaň.

Öçüriji Taýmer:

Printer hiç bir iş ýerine ýetirmese, uky tertibine girmeli wagtyny sazlaň (energiýa tygşytlaýjy tertip). Bellenen wagt geçensoň, LCD ekran garalýar.

Ukudan oýan:
LCD ekrana degişde oýan:

Sensor paneli basmak arkaly, uky tertibinden (energiýa tygşytlaýjy tertipden) dolanmak üçin, Açyk saýlaň. Ol ýapyk wagty, printeri oýarmak üçin, dolandyryş panelinde bir düwmäni basmaly bolarsyňyz. Bu aýratynlygy ýapmak del jisimleriň ekrana degmeginden döreýän islendik tötänden amallaryň öňüni alýar. Bu aýratynlygyň açyk bolmaly wagtyny hem belläp bilersiňiz.

Öçmäge wagt bellemek:

Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu funksiýa ýa-da Öçüriş sazlamalary funksiýasy bar bolup biler.

Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Energiýa dolandyrmagyň näçe wagtdan başlajagyny sazlap bilersiňiz. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.

Öçüriş sazlamalary:

Satyn alnan ýerine baglylykda, önümiňizde bu aýratynlyk ýa-da Öçmäge wagt bellemek aýratynlygy bar bolup biler.

  • Ulanylmaýan bolsa öçüriş

    Belli bir wagt ulanylmasa, printeri awtomatik ýapmak üçin, şu sazlamany saýlaň. Islendik köpeldiş önümiň energiýa netijeliligine täsir eder. Üýtgetme etmezden öň, daşky gurşawy göz öňünde tutuň.

  • Baglanşynkdan aýrylan ýagdaýynda öçüriş

    Ähli portlar, şol sanda LINE porty aýrylyp, görkezilen möhlet geçensoň, printeri ýapar ýaly, şu sazlamany saýlaň. Sebitiňize baglylykda, bu aýratynlyk elýeterli bolman biler.

    Islege bagly Ethernet platasy ýa-da faks platasy gurnalgy bolsa, bu sazlama ýapylýar.

Sene/Wagt Sazlamalary:
  • Sene/Wagt

    Häzirki senäni we wagty giriziň.

  • Gündiz Yşygy Tygşytlama Wagty

    Öz sebitiňize degişli tomus wagtyny saýlaň.

  • Wagt Tapawudy

    Ýerli sagat bilen UTC (Bütindünýä koordinirlenen wagty) sagadynyň arasyndaky tapawudy giriziň.

Ýurt/sebit":

Printeri ulanýan ýurduňyzy ýa-da sebitiňizi saýlaň. Ýurdy ýa-da sebiti üýtgetseňiz, faks sazlamalaryňyz aslyna dolanýar we siz olary gaýtadan saýlamaly.

Dil/Language:

LCD ekranda ulanylýan dili saýlaň.

Başlangyç Ekrany:

Printer açylanda we Iş amalynyň Wagty Geçdi işledilende, LCD ekranda görkezilýän başlangyç menýuny görkeziň.

Öýi redaktirlemek:

LCD ekrandaky şekiljikleriň ýerleşimini üýtgediň. Şekiljikleri goşup, aýryp we geçirip hem bilersiňiz.

Diwar Kagyzy:

LCD ekranyň fon reňkini üýtgediň.

Iş amalynyň Wagty Geçdi:

Belli bir wagtlap hiç hili iş geçirilmese, başlangyç ekrana dolanmak üçin, Açyk saýlaň. Ulanyjy çäklendirmeleri goýulsa we belli bir wagtlap hiç hili iş geçirilmese, siz ulgamdan çykyp, başlangyç ekrana dolanýarsyňyz.

Klawiatura

LCD ekrandaky klawiaturanyň ýerleşimini üýtgediň.

Standart Ekran(Iş/Ýagdaý):

düwmesine basanyňyzda görünmegini isleýän standart maglumatyňyzy saýlaň.

Original ölçegi awto-anyklaýyş opsiýasy:

ADF bilen skaner aýnasy kagyzyň ölçegini awtomatik anyklaýan sensorlar bilen enjamlanylandyr. Emma, sensorlaryň häsiýeti sebäpli, meňzeş ölçegleri anyklap bolmaýar, aglaba Hytaýda ulanylýan K ölçegli kagyzy bolsa, printeriň başlangyç ýagdaýynda dogry anyklap bolmaýar. K ölçegli kagyzy ýygy ulanýan bolsaňyz, K ölçeg öňürtiligi saýlaň. Takmynan ölçege derek, originalyň ölçegi K ölçegli diýlip tanalar. Kagyzyň ölçegine we duruş ornuna baglylykda, onuň başga bir takmynan ölçeg hökmünde tanalmagy mümkin. Ulanýan funksiýaňyza baglylykda K ölçeginiň awtomatik anyklanmazlygy hem mümkin. Meselem, bir programma bilen skanlanyp, kompýutere ýazdyrylýan wagty, K ölçeginiň awtomatik anyklanyp bilmegi-bilmezligi programma üpjünçiliginiň gylygyna baglydyr.