Çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylanmy-dälmi barlamak üçin, lüle-barlag şablonyny çap edýär.
Çap ediş golowkasyny arassalamak
Çap ediş golowkasynyň dykylan lülelerini arassalaýar. Bu aýratynlyk biraz syýa ulanýandygy sebäpli, çap ediş golowkasyny diňe lüle dykylanda arassalaň. Lüle-barlag şablonyny çap edip, Arassa saýlaň.
Job Arranger Lite
Job Arranger Lite penjiresini açýar. Şu ýerden öňki ýazdyrylan maglumaty açyp we redaktirläp bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3
EPSON Status Monitor 3 penjiresini açýar. Şu ýerden printeriň we sarp ediş materiallarynyň ýagdaýyny tassyklap bilersiňiz.
Gözegçilik Saýlamalary
EPSON Status Monitor 3 penjiresindäki zatlar üçin sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.
Giňeldilen Sazlamalar
Dürli sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Ýardam görer ýaly, her zada sag basyň.
Çap Ediş Nobaty
Çap edilmäge garaşýan işleri görkezýär. Çap ediş işlerini barlap, sägindirip ýa-da dowam etdirip bilersiňiz.
Dil
Printer draýweri penjiresinde ulanyljak dili üýtgedýär. Sazlamalary ulanmak üçin, printer draýwerini ýapyp, gaýtadan açyň.
Programma Üpjünçiliginiň Täzelemeleri
Internetden programmalaryň in täze wersiýalaryny barlamak üçin, EPSON Software Updater başladýar.
Internetden Sargyt
Epson-yň syýa kartrijlerini satyn alyp bolýan saýta girmegiňize mümkinçilik berýär.
Tehniki Goldaw
Eger gollanma kompýuteriňizde gurnalgy bolsa, gollanma görkezilýär. Eger gurnalmadyk bolsa, Epson websaýtyna birigip, gollanmany we elýeterli tehniki goldawy barlap bilersiňiz.