Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.
Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Printer Sazlamalary
Printer Sazlamalary
Giriş Kagyz Sazlamalary
Kagyz Sazlamasy
Kagyz çeşmesine goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.
Kagyz lotogy öňürtiligi
Açyk saýlap, kagyz lotogyndaky kagyza çap ediş öňürtiligini beriň.
A4/Hat Awto Geçme
Letter edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, A4 ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek ýa-da A4 edip bellenen kagyz çeşmesi ýok bolsa, Letter ölçeg edip bellenen kagyz çeşmesinden kagyz äbermek üçin, Açyk saýlaň.
Sazlamalary Awto Saýlamak
Eger Kagyz Sazlamasy > Awto işletseňiz, kagyz gutaranda, häzirki çap ediş işiniň kagyz sazlamalary bilen birmeňzeş sazlamalary bar bolan kagyz çeşmesinden awtomatik kagyz berilýär. Bu menýuda nusgalamakda, faksda we ş.m. her funksiýa üçin her kagyz çeşmesine awtomatik saýlaw belläp bilersiňiz. Bar zady ýapyk edip belläp bilersiňiz.
Çap ediş işleri üçin kagyz sazlamalarynda belli bir kagyz çeşmesini saýlasaňyz, bu sazlama ýapylýar. Printer draýweriniň Baş Sahypa tabyndaky kagyz görnüşi sazlamasyna baglylykda, kagyzyň awtomatik berilmezligi mümkin.
Kagyz gutaranda awtomatik saýlaw Nusgalamk üçin
Kagyz gutaranda kagyzy bar bolan başga bir kagyz çeşmesinden kagyzy awtomatik bermek üçin, şuny işlediň. Ol nusgalama edilende degişli bolýar. Sazlamalary Awto Saýlamak arkaly saýlanylmadyk ýa-da görkezilen kagyz çeşmesinden başga kagyz sazlamalary bar bolan kagyz çeşmesinden kagyz awtomatik berilmeýär.
Bu funksiýa şu aşakdaky ýagdaýlara degişli däldir.
Sazlamalary Awto Saýlamak arkaly saýlanylmadyk kagyz çeşmesi arkaly nusgalama edilende.
Ýalňyşlyk Habary
Kagyz Ölçegi Bildirişi
Saýlanan kagyz ölçegi goýlan kagyza deň gelmese, näsazlyk haty görkeziler ýaly, Açyk saýlaň.
Kagyz Görnüşi Bildirişi
Saýlanan kagyz görnüşi goýlan kagyza deň gelmese, näsazlyk haty görkeziler ýaly, Açyk saýlaň.
Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi
Kagyz çeşmesine kagyz goýlanda, Açyk saýlap, Kagyz Sazlamasy ekranyny görkeziň. Bu aýratynlygy ýapsaňyz, AirPrint arkaly iPhone-dan, iPad-den ýa-da iPod touch-dan çap edip bilmersiňiz.
Çap Edilýän Dil
USB
USB interfeýsi üçin, çap ediş dilini saýlaň.
Tor ulgamy
Tor interfeýsi üçin, çap ediş dilini saýlaň.
Uniwersal Çap Sazlamalary
Printer draýwerini ulanman, daşarky enjam arkaly çap edeniňizde, şu çap ediş sazlamalary ulanylýar. Printer draýweri arkaly çap edeniňizde, ofset sazlamalary ulanylýar.
Ýokary Ofset
Kagyzyň ýokarky çetini sazlaň.
Çep Ofset
Kagyzyň çep çetini sazlaň.
Yz Tarapdaky Ýokary Ofset
2-ýüzli çap edilende, sahypanyň arka ýüzüniň ýokarky çetini sazlaň.
Yz Tarapdaky Çep Ofset
2-ýüzli çap edilende sahypanyň arka tarapy üçin çep araçägi sazlaň.
Kagyzyň Inini Barlaň
Çap etmezden öň, kagyzyň inini barlamak üçin, Açyk saýlaň. Ol kagyz ölçegi sazlamasy ýalňyş bolsa, kagyzyň gyrasyndan daşarda çap edilmeginiň öňüni alýar, emma çap ediş tizligi haýallap biler.
Boş Sahypany Geçir
Kagyz tygşytlamak üçin, çap ediş maglumatynda boş sahypalardan awtomatik ätleýär.
PDL Çap Ediş Gurnamak
PCL ýa-da PostScript çap ediş üçin ulanmak isleýän PDL Çap Ediş Gurnamak opsiýalaryňyzy saýlaň.
Umumy Sazlamalar
PCL ýa-da PostScript çap ediş üçin umumy sazlamalary saýlaň.
Kagyz Ölçegi
Çap ediş üçin standart kagyz ölçegini saýlaň.
Kagyz Görnüşi
Çap ediş üçin standart kagyz görnüşini saýlaň.
Ugur
Çap ediş üçin standart duruş ugruny saýlaň.
Hil
Çap ediş hilini saýlaň.
Syýa ýazdyrma tertibi
Çap ediş dykyzlygyny azaldyp, syýany tygşytlamak üçin, Açyk saýlaň.
Çap Ediş Tertibi
Çap ediş yzygiderligini saýlaň (birinji sahypadan ýa-da soňky sahypadan başlap).
Ýokarda Soňky Sahypa
Faýlyň birinji sahypasyndan başlap çap edip ugraýar.
Ýokarda Birinji Sahypa
Faýlyň soňky sahypasyndan çap edip başlaýar.
Nusgalar Mukdary
Çap edilmeli nusga sanyny belläň.
Jiltleme çägi
Çatyş ornuny saýlaň.
Awto Kagyz Ret ediş
Çap işi gidip durka, çap ediş duranda kagyzy awtomatik çykarmak üçin, Açyk saýlaň.
2-taraply Çap ediş
2-ýüzli çap ediş ýerine ýetirmek üçin, Açyk saýlaň.
PCL Menýu
PCL çap ediş üçin sazlamalar belläň.
Şrift çeşmesi
Rezident
Printerde öňden gurnalgy şrift ulanmak üçin saýlaň.
Göçürip al
Göçürip alan şriftiňizi ulanmak üçin saýlaň.
Şrift Belgi
Standart Şrift çeşmesi üçin standart şrift belgisini saýlaň. Bellän sazlamalaryňyza baglylykda, elýeterli belgi dürlüçe bolýar.
Ýapgyt
Şrift şkalaly we üýtgemeýän inli bolsa, standart şrift inini belläň. 0.44–99.99 cpi (nyşan/dýuým), 0.01 ösüşli saýlap bilersiňiz.
Şrift çeşmesi ýa-da Şrift Belgi sazlamalaryna baglylykda, bu zat görünmän biler.
Boý
Şrift şkalaly we proporsional bolsa, standart şrift boýuny belläň. 4,00–999.75 nokat, 0,25 ösüşli saýlap bilersiňiz.
Şrift çeşmesi ýa-da Şrift Belgi sazlamalaryna baglylykda, bu zat görünmän biler.
Nyşan saýlama
Standart simwol toplumyny saýlaň. Şrift çeşmesinde saýlan Şrift çeşmesi we Şrift çeşmesi sazlamaňyz täze simwol toplumynda elýeterli däl bolsa, Şrift çeşmesi we Şrift Belgi sazlamalary standart baha bolan IBM-US bilen awtomatik çalşyrylýar.
Görnüş
Saýlanan kagyz ölçegi we duruş ugry üçin setir sanyny belläň. Ol setir aralygy (VMI) üýtgemesine hem eltýär we täze VMI bahasy printerde durýar. Ýagny, sahypa ölçegindäki ýa-da duruş ugry sazlamalaryndaky soňky üýtgetmeler duran VMI esasynda Forma bahasynda üýtgemelere eltýär.
CR Funksiýa
Belli bir operasion ulgamdan draýwer bilen çap edilende, liniýa beriş buýrugyny saýlaň.
LF Funksiýa
Belli bir operasion ulgamdan draýwer bilen çap edilende, liniýa beriş buýrugyny saýlaň.
Kagyz çeşmesini bellemek
Kagyz çeşmesi saýla buýrugy üçin belleme belläň. 4 saýlanylsa, buýruklar HP LaserJet 4 bilen ylalaşykly edilip bellenilýär. 4K saýlanylsa, buýruklar HP LaserJet 4000, 5000 we 8000 bilen ylalaşykly edilip bellenilýär. 5S saýlanylsa, buýruklar HP LaserJet 5S bilen ylalaşykly edilip bellenilýär.
PS menýusy
PS çap ediş üçin sazlamalar belläň.
Ýalňyşlyk listi
PostScript ýa-da PDF çap edişinde näsazlyk ýüze çykanda ýagdaýy görkezýän list çap etmek üçin, Açyk saýlaň.
Ikilik
Binar suratly maglumat çap edilende Açyk saýlaň. Printer draýweri sazlamasy ASCII edip bellenen-de bolsa, programma binar maglumaty iberip biler, ýöne maglumaty şu funksiýa işledilende çap edip bilersiňiz.
PDF Sahypa Ölçegi
PDF faýl çap edilende, kagyz ölçegini saýlaň.
Awto Ýalňyşlyk Düzediji
2 taraply çap ediş ýalňyşlygy ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, ýerine ýetirilmeli hereketi saýlaň.
Açyk
2-taraply çap ediş ýalňyşlygy çykanda duýduryş görkezýär we ýeke-taraply tertipde görkezýär ýa-da ýat doly ýalňyşlygy çykanda, diňe printeriň edip biljek işini çap edýär.
Öçür
Ýalňyşlyk hatyny görkezýär we çap etmegi ýatyrýar.
Ýat Enjamy Interfeýsi
Ýat enjamyňyza giriş bermek üçin sazlamalary belläň.
Ýat Enjamy
Printeriň dakylgy ýat enjamyna girişine rugsat bermek üçin, Işlet saýlaň. Öçür saýlanylsa, ýat enjamyndaky maglumaty okap, çap edip ýa-da printer bilen ýat enjamyna maglumat ýazdyryp bilmeýärsiňiz. Bu gizlin resminamalaryň bikanun ýagdaýda ýoklanylmagynyň öňüni alýar.
Faýly Paýlamak
Ýat enjamyna USB-birikmeli kompýuterden ýa-da tor-birikmeli kompýuterden ýazuw girişini bermelimi-dälmi saýlaň.
Galyň Kagyz
Çykýan kagyzlara syýa çyrşalmaz ýaly, Açyk saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler.
Sessiz Reje
Çap edilýärkä sesi peseltmek üçin Açyk saýlaň, ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler. Saýlanan kagyz görnüşine we çap ediş hili sazlamalaryna baglylykda, printeriň ses derejesinde üýtgeme bolman biler. Işleýiş gohuny azaltmagy öňürtilemek üçin, Açyk saýlaň. Çap ediş tizligini öňürtilemek üçin, Açyk (Pes dereje) saýlaň.
Syýanyň Guraýan Wagty
2-ýüzli çap edýärkäňiz ulanmak isleýän syýa gurama wagtyňyzy saýlaň.Printer bir ýüze çap edip, beýleki ýüze-de çap edýär.Eger çykýan kagyz çyrşalsa, wagt sazlamasyny köpeldiň.
Ikiugurlaýyn
Çap ediş ugruny üýtgetmek üçin, Açyk saýlaň; Çap ediş golowkasy çepe we saga hereket edýärkä çap edýär.Eger çykýan kagyzdaky dik ýa-da kese lineýka çyzyklary bulanyk ýa-da gyşyk görünýän bolsa, bu funksiýany ýapmak problemany çözüp biler; ýöne ol çap ediş tizligini peseldip biler.
USB arkaly PC baglanyşygy
USB arkaly birigende, kompýuteriň printere girmegine rugsat berer ýaly Işlet saýlaň. Öçür saýlanylsa, tor birikmesi arkaly iberilmeýän çap ediş we skanlama çäklendirilýär.
USB I/F Wagtly Öçme Sazlamalar
Printer PostScript printer draýwerinden ýa-da PCL printer draýwerinden çap işini alansoň, kompýuter bilen USB aragatnaşygyny ýapmak üçin näçe sekunt wagt geçmelidigini görkeziň. Eger işi gutarmak PostScript printer draýwerinden ýa-da PCL printer draýwerinden takyk kesgitlenmedik bolsa, ol tükeniksiz USB aragatnaşygyna eltip biler. Ol ýüze çykanda, printer görkezilen wagt geçensoň aragatnaşygy ýapýar. Aragatnaşygy ýapmak islemeseňiz, 0 (nol) giriziň.