> Problemalary çözmek > Kagyz dykylýar > Dykylan kagyzy aýyrmak

Dykylan kagyzy aýyrmak

Prosedura Web-kino gollanmalary arkaly hem tomaşa edip bilersiňiz. Aşakdaky websaýta giriň.

https://support.epson.net/publist/vlink.php?code=NPD6872

Üns beriň:
  • Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

  • Eliňiz printeriň içindekä, hiç wagt dolandyryş paneliniň düwmelerini elläýmäň. Eger printer işläp başlasa, ol size şikes ýetirip biler. Şikes ýetmezligi üçin, çykyp duran detallara degäýmäň.

  1. Dykylan kagyzy yzky kagyz berijiden aýryň.

  2. Çykyş lotogyndaky dykylan kagyzy aýryň.

  3. Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

  4. Dykylan kagyzy aýryň.

    Möhüm:

    Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi ýa-da aňyrsy görünýän plýonkany ellemäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.

  5. Skaner bloguny ýapyň.