> Problemalary çözmek > Kagyz dykylýar > Dykylan kagyzy aýyrmak

Dykylan kagyzy aýyrmak

Prosedura Web-kino gollanmalary arkaly hem tomaşa edip bilersiňiz. Aşakdaky websaýta giriň.

https://support.epson.net/publist/vlink.php?code=NPD6871

Üns beriň:
  • Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

  • Eliňiz printeriň içindekä, hiç wagt dolandyryş paneliniň düwmelerini elläýmäň. Eger printer işläp başlasa, ol size şikes ýetirip biler. Şikes ýetmezligi üçin, çykyp duran detallara degäýmäň.

  1. Dykylan kagyzy yzky kagyz berijiden aýryň.

  2. Yzky gapagy aýryň.

  3. Dykylan kagyzy yzky gapakdan aýryň.

  4. Dykylan kagyzy aýryň.

  5. Yzky gapagy printere ýerine salyň.

  6. Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

  7. Dykylan kagyzy aýryň.

    Möhüm:

    Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi ýa-da aňyrsy görünýän plýonkany ellemäň. Ol printeriň näsaz bolmagyna eltip biler.

  8. Skaner bloguny ýapyň.

    Howpsuzlyk üçin, skaner blogy iki ädimde ýapylýar.

    Bellik:

    Skaner bloguny aşakda görkezilýän orundan açyp bolmaýar. Ony açmazdan öň doly ýapyň.