Syýa kartrijlerini çalşyrmak

Üns beriň:

Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Bellik:

Nusgalaýan wagtyňyz syýa kartrijlerini çalşyrsaňyz, originallaryň ýerinden süýşmegi mümkin. Ýatyrmak üçin, düwmesine basyp, originallary çalşyryň.

  1. Aşakdakylaryň birini ýerine ýetiriň.

    Zat saýlamak üçin, düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.

    • Syýa kartrijlerini çalşyrmagyňyz soralanda
      Haýsy syýa kartrijini çalşyrmalydygyny barlap, OK düwmesine basyň. Haty tassyklap, öý ekranda Şu wagt çalyş saýlaň.
    • Syýa kartrijlerini gutarmanka çalşyranyňyzda
      Öý ekranda Hyzmat ediş > Syýa kartrij(ler)ini çalşyrmak saýlaň.
  2. Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

  3. Gara syýa kartrijini çalşyranyňyzda, täze gara syýa kartrijini dört-bäş gezek emaý bilen silkeläň we ony gabyndan çykaryň. Beýleki reňkli kartrijleri çalşyranyňyzda, täze reňkli kartrijleri silkelemän gabyndan çykaryň.

    Möhüm:

    Gabyny açanyňyzdan soň, kartrijleri çaýkamaň.

  4. Diňe sary lentany aýryň.

    Möhüm:

    Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

  5. Syýa kartrijindäki uçlugy gysyp, göni ýokarlygyna çekiň. Eger syýa kartrijini aýryp bilmeseňiz, dözümli çekiň.

  6. Täze syýa kartrijini dakyp, dözümli aşak basyň.

  7. Skaner bloguny ýapyň.

    Howpsuzlyk üçin, skaner blogy iki ädimde ýapylýar.

    Bellik:

    Skaner bloguny aşakda görkezilýän orundan açyp bolmaýar. Ony açmazdan öň doly ýapyň.

  8. düwmesini basyň.

    Syýa goýbermek başlaýar.

    Möhüm:

    Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.