Epson Australia size ýokary hilli müşderi hyzmatyny üpjün etmäge taýýar. Biz siz önüm gollanmalarynyň ýany bilen, maglumat alar ýaly şu aşakdaky çeşmeleri hem üpjün edýäris:
Epson Australia-nyň web-sahypalaryna giriň. Isledigiňızçe gezmek üçin, modemiňizı hem alyp geliň! Websaýt size draýwer göçürip alynýan ýerleri, Epson-yň habarlaşmak üçin nokatlaryny, täze önümler barada maglumatlary we tehniki goldawy (e-poçta) hödürleýär.
Telefon: 1300-361-054
Epson tehniki goldaw gullugy müşderilere gerekli maslahatlary gutarnykly üpjün edýär. Operatorlar size Epson önümini gurnamaga, düzmäge we işletmäge kömek edýärler. Satyşdan öňki tehniki goldaw işgärlerimiz size täze Epson önümleri barada materiallary, şeýle hem, iň golaýdaky dileriň ýa-da serwis agentiniň nirede ýerleşýändigi hakda maglumatlary üpjün edýärler. Bu ýerde köp dürli soraglara jogap berilýär.
Jaň eden wagtyňyz ähli degişli maglumatlary el ýüzde goýmagyňyzy maslahat berýäris. Näçe köp maglumat taýýarlasaňyz, şonça-da problema çalt çözüler. Ol maglumatlara şular girýär: Epson önüminiň gollanmalary, kompýuteriň görnüşi, operasion ulgam, goýma programmalary we gerekdir öýden başga islendik maglumatyňyz.
Epson önümiň gabyny indiki daşamaklyk üçin saklamagy maslahat berýär.