> Çap etmek > Bulut hyzmaty arkaly çap etmek

Bulut hyzmaty arkaly çap etmek

Siz internetde elýeterli Epson Connect hyzmatynyň kömegi bilen, islendik wagtda we ýerde smartfondan, planşetden ýa-da noutbukdan çap edip bilersiňiz. Bu hyzmaty ulanmak üçin, siz Epson Connect-de ulanyjyny we printeri bellige almaly.

Internetde elýeterli funksiýalar şu aşakdakylardyr.

  • Email Print

    Resminama ýa-da surat ýaly seplemesi bar bolan e-poçtany printere bellenen e-poçta salgysyna iberýän wagtyňyz, ol e-poçtany we seplemeleri öý ýa-da ofis printeriňiz ýaly uzakdaky ýerlerden çap edip bilersiňiz.

  • Remote Print Driver

    Bu draýwer Remote Print Driver tarapyndan goldanylýan paýlaşylýan draýwerdir. Uzakdaky ýerdäki printer arkaly çap edeniňizde, printeri adaty programmalar penjiresinde üýtgedip çap edip bilersiňiz.

Sazlamak ýa-da çap etmek barada jikme-jiklik üçin, Epson Connect web-portalyna serediň.

https://www.epsonconnect.com/

http://www.epsonconnect.eu (diňe Ýewropa üçin)