> Originallary ýerleşdirmek > Originallary ýerleşdirmek

Originallary ýerleşdirmek

Originallary skaner aýnasyna ýerleşdiriň.

Originallary ýerleşdirmek baradaky animasiýalary görmek üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

saýlap, Usuly > Original kagyzlary Ýerleşdir saýlaň. Animasiýa ekranyny ýapmak üçin, Gutardy saýlaň.

Skaner aýnasyny ulanmak
Üns beriň:

Skaneriň gapagyny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Möhüm:
  • Köp sanly original (mes. kitap) goýanyňyzda, skaner aýnasyna daşarky ýagtylygyň göni düşmegine ýol bermäň.

  • Skaner aýnasyna ýa-da resminama gapagyna gaty zor salmaň. Ýogsam, olara zeper ýetmegi mümkin.

Bellik:
  • Skaner aýnasynyň ýüzünde galyndy ýa-da hapa bar bolsa, şony hem almak üçin, skanlama aralygy giňelip biler, şeýlelikde originalyň suratynyň süýşmegi ýa-da kiçelmegi mümkin. Skanlamazdan öň, skaner aýnasyndaky islendik hapa-hupany aýryň.

  • Originallary skaner aýnasynda uzak wagtlap galdyrsaňyz, olaryň aýnanyň ýüzüne ýelmeşmegi mümkin.