> Problemalary çözmek > LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Näsazlyk barada hatlar

Çözgütler

Printer Ýalňyşlygy

Printeri gaýtadan işe giriziň. Köp maglumat üçin öz resminamalaryňyza serediň.

Printerden islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy aýryň. Eger näsazlyk haty şonda-da görkezilse, Epson goldawyna ýüz tutuň.

XX kagyz ýok.

Kagyzy goýup, kagyz kassetasyny doly içerik salyň.

Syýa kartrijiçalyşmaly.

Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Çalşyrmagyňyz soralanda, kartriji çalşyryň.

Syýa kartriji kodlary

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna golaýlaýar. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Syýa prokladkasy çalşyrylýança hat görkezilip durar.

Çap edişe dowam etmek üçin, Düşnükli saýlaň.

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna ýetdi. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Emma, skanlama ýaly çap ediş däl aýratynlyklar elýeterlidir.

Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi Ýapyk edilip bellenen. Käbir funksiýalar elýeterli bolman biler. Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

Ulgam Ýalňyşlyk

Ýalňyşlyk ýüze çykdy. Enjamy öçürip täzeden işlediň. Eger şu täzeden ýüze çyksa, Epson goldaw hyzmatyna ýüz tutuň.

Aşakdaky çözgütleri synap görüň.

1. Printeriň toguny öçürip, täzeden açyň.

2. Wi-Fi birikmesi ulanýan bolsaňyz, simsiz ruteri öçürip, täzeden açyň.

Eger şonda-da näsazlyk haty görkezilse, näsazlyk koduny belläp, Epson goldawyna ýüz tutuň.

IP salgy we kiçi tor maska kombinasiýalary dogry däl. Goşmaça maglumatlar üçin resminamaňyzy görüň.

Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň.

Daşky tor gurşawyny ulanmaklyk üçin asyl şahadatnamany täzeläň.

Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin port sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Çap Ediş Nobaty basyň (printer draýweriniň Abatlaýyş tabynda). Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň.

USB birikmesi üçin "USBXXX", ýa-da tor birikmesi üçin "EpsonNet Print Port" saýlaň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin USB sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Recovery Mode

Update Firmware

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.