Diski ulanmak ýa-da oňa maglumat ýazmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri hakda goşmaça maglumat üçin, diskiň ýany bilen berilýän resminamalara serediň.
Içine maglumat ýazmazdan öň, diskde çap etmäň. Beýtmeklik diskiň ýüzündäki barmak yzlary, hapa ýa-da çyzyklar maglumat ýazylýarka näsazlyk döredip biler.
Diskiň görnüşine ýa-da çap edilýän maglumata baglylykda, çyrşalma ýüze çykyp biler. Ilki bilen, ätiýaçlyk diskde synag çap edişini ýerine ýetirip görüň. Doly bir gün garaşyp, çap edilen ýüzi barlaň.
Hakyky Epson kagyzyna çap edişe garanyňda, diske syýa çyrşalmaz ýaly, çap ediş ýygjamlygy peseldilýär. Çap ediş ýygjamlygyny näçe gerek bolsa, şonça sazlaň.
Çap edilen diskleri azyndan 24 sagatlap göni gün şöhlesiniň astynda guratmaň. Diskler doly guraýança, olary üst-üste goýmaň ýa-da enjamyňyza dakmaň.
Eger çap edilen ýüz guransoň hem şepbeşik bolsa, çap ediş ýygjamlygyny peseldiň.
Şol diskde täzeden çap etmek çap edişiň hilini gowulandyrman biler.
Eger disk lotoga ýa-da içerki dury bölüme tötänden çap edilse, şolbada syýany süpürip aýryň.
Çap ediş zolagy sazlamasyna baglylykda, disk ýa-da disk lotogy çyrşalyp biler. Çap ediş zolagyna çap etmek üçin sazlamalary belläň.
Disk çap ediş çägi üçin içerki diametri minimum 18 mm, daşarky diametri bolsa, maksimum 120 mm edip belläp bolýar. Sazlamalara baglylykda, disk ýa-da disk lotogy çyrşalyp biler. Çap etmek isleýän diskiňiz üçin çap ediş çäginiň içinden belläň.