> Dolandyryş paneli gollanmasy > Çyralary we printeriň ýagdaýyny barlamak

Çyralary we printeriň ýagdaýyny barlamak

Dolandyryş panelindäki çyralar printeriň ýagdaýyny görkezýär.

Kadaly ýagdaý

: Ýanýar : Ýanýar

Açyk

Ýagdaý

Printer simsiz (Wi-Fi) tora ýa-da Ethernet-e birigen

Eger printer birlikde Wi-Fi-a we simli LAN-a birigen bolsa, simli LAN birikmesi öňürtiligi alýar.

Printer Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) tertibinde tora birigen.

Printer USB arkaly birigen.

Näsazlyk ýagdaýy

Näsazlyk ýüze çykanda, çyra ýanýar ýa-da ýanyp-sönýär. Näsazlygyň anyk maglumaty kompýuteriň ekranynda görkezilýär.

: Açyk

: Haýal ýanyp sönýär

: Çalt ýanyp sönýär

Açyk

Ýagdaý

Çözgütler

Printeriň gapagy açyk.

Printeriň gapagyny ýapyň.

Çykyş lotogy uzalmaýar.

Çykyş lotogyny doly uzaldyň.

Kagyz goýulmadyk ýa-da birden köp list berildi.

Kagyz kassetasy 1-de ýa-da 2-de kagyz goýuň, soňra düwmesini basyň.

Yzky kagyz beriji slotdan çap edip bilersiňiz.

Ýeke list kagyz goýup, düwmesini basyň.

Disk lotogyny girizip bilersiňiz.

Disk lotogyny goýup, düwmesini basyň.

Disk lotogy dogry girizilmedik.

Disk lotogynyň ugruny we öňüni/yzyny barlap täzeden goýuň we soňra düwmesini basyň.

Kagyz yzky kagyz beriji slotda dogry goýulmadyk ýa-da kagyz dykylmagy ýüze çykdy.

Dykylan kagyzy aýryň. Ýeke list kagyzy yzky kagyz berijä dogry goýup, düwmesini basyň.

Çap ediş maglumaty goldanylmaýan printer draýwerinden iberildi.

Çap etmegi duruzmak üçin, düwmesini basyň.

Goýan kagyz ölçegiňiz 2-ýüzli çap edişi goldamaýar.

Dogry kagyz ölçegini goýup, düwmesini basyň.

Yzky kagyz beriji slotuň gaty içindedigi sebäpli, kagyz çykarylýar.

Kagyzy yzky kagyz berijä dogry goýup, düwmesini basyň.

Disk goýulmadyk ýa-da goldanylmaýan disk goýlan.

Diski dogry goýup, düwmesini basyň.

Kagyz dykyldy.

Dykylan kagyzy aýryp, düwmesini basyň.

Syýa kartriji gutarypdyr ýa-da kartrijde goýberer ýaly ýeterlik syýa ýok.

Täze syýa kartriji bilen çalşyryň.

Syýa kartrijlerini çalşyrmak (syýa çyrasy ýananda ýa-da ýanyp-sönende)

Syýa kartriji dakylmadyk.

Täze syýa kartrijini goýan hem bolsaňyz, syýa kartriji tanalmaýar.

Syýa kartrijini täzeden dakyň.

Güýçli arassalaýyş ine ýetirip bolmaýar, sebäbi syýa kartriji gutaryp barýar.

Näsazlygy aýyrmak üçin, düwmesini basyň. Güýçli arassalaýyş ýerine ýetirmek üçin, täze syýa kartriji bilen çalşyryň.

Syýa kartrijini edil häzir çalşyrmak üçin, aşakdakylara serediň.

Syýa kartrijlerini çalşyrmak (syýa çyrasy ýananda ýa-da ýanyp-sönende)

Syýa kartriji gutaryp barýar. çyrasy ýanýança çap edip bilersiňiz.

Täze syýa kartrijini taýýarlaň. Kompýutere girip, syýanyň derejesini barlap bilersiňiz.

Syýa kartrijini edil häzir çalşyrmak üçin, aşakdakylara serediň.

Syýa kartrijlerini çalşyrmak (syýa çyrasy ýananda ýa-da ýanyp-sönende)

Birlikde ýanyp-sönýär:

Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar ýa-da gutardy.

Syýa prokladkasyny çalşyrmaly.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap etmäge dowam edip bilersiňiz diýen hat kompýuterde görkezilende, çap etmäge dowam etmek üçin, düwmesini basyň. Wagtyň geçmegi bilen näsazlyk görkeziji çyralaryň ýanyp-sönmegi durar, ýöne olar prokladka çalşyrylýança wagtal-wagtal ýanyp-sönüp durarlar.

Birlikde ýanyp-sönýär:

Güýçli arassalaýyş ýerine ýetirip bolmaýar, sebäbi syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar.

Näsazlygy aýyrmak üçin, düwmesini basyň. Güýçli arassalaýyş ýerine ýetirmek üçin, syýa prokladkasyny çalşyrmaly. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Daşarky interfeýs USB portuna goldanylmaýan enjam birikdirilen.

PictBridge-i goldaýan sanly kamera ýaly bir enjamy daşarky interfeýs USB portuna birikdiriň.

Daşarky interfeýs USB portuna bir USB haby birikdirilen.

Daşarky interfeýs USB porty USB hablaryny goldamaýar. USB kabelini gönümel birikdiriň.

Daşarky interfeýs USB portuna birikdirilen enjam jogap bermeýär.

PictBridge-i goldaýan sanly kamera ýaly bir enjamy daşarky interfeýs USB portuna birikdiriň. Birikdirilen enjamyň kadaly işleýändigini barlaň, meselem, zarýadyny.

PictBridge toruň üsti bilen birikdirilen wagty, USB kabeli daşarky interfeýs USB portuna birikdirilýär.

USB kabelini daşarky interfeýs USB portundan aýryň.

Wi-Fi toruna birigilýärkä näsazlyk ýüze çykdy.

Wi-Fi toruny täzeden sazlamak üçin, aşakdaky meselelere üns beriň.

  • Wi-Fi giriş nokadyny Wi-Fi sazlaw tertibine belläň.

  • Wi-Fi giriş nokady bilen printeriň aradaşlygyny 3 metre gysgaldyp, täzeden synanyň.

Wi-Fi toruna birigilýärkä howpsuzlyk näsazlygy ýüze çykdy.

Belki, şol bir wagtda başga bir Wi-Fi tory enjamy Wi-Fi toruna birikjek bolýandyr. Soňra synanyň.

Printer näsazlygy ýüze çykdy.

Printeri öçürip, printeriň içinde kagyz dykylmandygyny barlaň we ony gaýtadan işlediň.

Eger näsazlygy aýrylmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.

Proşiwka täzelemesi şowsuz boldy (dikeldiş tertibi).

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň.

2. Ýerli Epson websaýtyňyza baryp, iň täze proşiwkany göçürip alyň we gurnamaga başlaň.

Goşmaça jikme-jiklik üçin, göçürim sahypasyndaky görkezmelere serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, printer çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.