Printeriň gapagyny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Printeriň gapagyny açyň.

Syýa kartrijini saklaýjyny süýşürmek üçin, printeriň düwmelerini ulanyň.
şekiljiginde durýan kartriji çalşyryň. Eger başga-da gutaran syýa kartriji bar bolsa, kartrij
şekiljigine her gezek
düwmesini basanyňyzda süýşýär.

çyrasy ýanýan bolsa (bir ýa-da birnäçe syýa kartriji gutarypdyr)
düwmesini basyň. Syýa kartrijini saklaýjy
şekiljigine süýşýär. Ol orunda syýa kartrijlerini çalşyryp bolmaýar. Indiki ädime geçiň.
çyrasy ýanyp-sönýän bolsa (bir ýa-da birnäçe syýa kartriji azalypdyr)
düwmesini basyň. Syýa kartrijini saklaýjy
şekiljigine süýşýär. Ol orunda syýa kartrijlerini çalşyryp bolmaýar. Indiki ädime geçiň.
Syýa kartrijini çalşyrmagy ýatyrmak üçin, gurnalgy syýa kartrijlerini saklaň we printeriň toguny ýapyň.
düwmesini täzeden basyň.
Syýa kartrijini saklaýjy çalşyryş ornuna süýşýär.

Täze syýa kartrijini gabyndan çykaryň.
Gabyny açanyňyzdan soň, kartrijleri çaýkamaň.
Syýa kartriji gapagyny galdyryň we aýryň.
Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.
Çykydy basyp, syýa kartrijini aýryň we ony diagonal görnüşde galdyryp aýryň.
Täze syýa kartrijini uç tarapyndan diagonal görnüşde girizip, emaý bilen itiň. Ol dogry girizilende “şyrkyldy” sesini eşidersiňiz.
Printeriň gapagyny ýapyň.

Syýa goýbermek başlaýar.
Syýa kartriji dakylansoň, printer syýa goýberýärkä, tok we syýa çyrasy ýanyp sönüp durýar. Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Goýbermek takmynan iki minut wagt alýar. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Eger
çyrasy sönmese, syýa kartrijini aýryp, täzeden dakyp görüň.