Ulanmak isleýän kagyz çeşmäňizi saýlaň. Kagyz ölçegini we görnüşini saýlamak üçin,
saýlaň.
Borderless:
Gyralarda çet goýman çap edýär. Kagyzyň gyralarynda hiç hili çet çap edilmez ýaly, çap edilýän maglumaty kagyz ölçeginden biraz ulaldýar.
With Border:
Gyralarda ak çet goýup çap edýär.
Araçäksiz çap ediş bilen, kagyzyň gyrasyndaky araçäkleri aýyrmak üçin, surat biraz ulaldylýar. Suraty näçe ulaltmalydygyny saýlaň.
Surat maglumatynyň ölçeg gatnaşygy kagyz ölçegi tapawutly bolsa, gysga taraplar kagyzyň gysga tarapyna gabat geler ýaly edip, surat awtomatik ulaldylýar ýa-da kiçeldilýär. Suratyň uzyn gyrasy kagyzyň uzyn tarapyndan uzyn bolsa kesilýär. Bu aýratynlyk panorama fotosuratlarda işlemän biler.
Çap ediş hilini saýlaň. High saýlasaňyz, has ýokary hilli çap edilýär, ýöne tizlik haýallap biler. Adaty kagyza has ýokary hilde çap etmek isleseňiz, Best saýlaň. Üns beriň, çap ediş tizligi ep-esli haýallap biler.
Düşürilen ýa-da ýazdyrylan senesi bar bolan fotosuratlarda senäni çap etmek üçin ulanylýan formaty saýlaň. Käbir ýerleşimlerde sene çap edilmeýär.
Off:
Hiç hili maglumatsyz çap edýär.
Camera Settings:
Zatwor tizligi, otnositel fokus aralygy ýa-da ISO duýgurlygy ýaly käbir Exif maglumatlary çap edýär. Ýazga geçirilmedik maglumat çap edilmeýär.
Camera Text:
Sanly kamerada bellenilen teksti çap edýär. Tekst sazlamalary hakda goşmaça maglumat üçin, kameranyň ýany bilen berilýän resminamalara serediň. Maglumaty araçäksiz çap edişde diňe 10×15 sm, 13×18 sm ýa-da 16:9 giň ölçegde çap edip bolýar.
Landmark:
Çelgi funksiýasy bar bolan sanly kameralar üçin düşürilen fotosuratda ýeriň ýa-da çelginiň adyny çap edýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, kameraňyzyň öndürijisiniň websaýtyna serediň. Maglumaty araçäksiz çap edişde diňe 10×15 sm, 13×18 sm ýa-da 16:9 giň ölçegde çap edip bolýar.
Kagyz we çap ediş sazlamalaryny standarda nol edýär.
CD/DVD çap edişi üçin. CD/DVD-ä çap edilende ulanylmaly dykyzlygy belläň.
Reňkleme kitabyny çap etmek üçin. Reňkleme listindäki konturlaryň dykyzlyk derejesini saýlaň.
Reňkleme kitabyny çap etmek üçin. Fotosuratdaky konturlary tapmak üçin ulanylýan duýgurlygy saýlaň.