> Printere tehniki hyzmat > Kagyz beriş problemalaryny gowulandyrmak

Kagyz beriş problemalaryny gowulandyrmak

Kagyz kassetasy kagyzy dogry bermese, içerki roligi arassalaň.

  1. düwmesini basyp, printeri ýapyň.

  2. Tok şnuruny sogruň we birikmeden aýryň.

  3. USB kabeli aýryp, ýat kartyny we daşarky USB enjamyny aýryň.

  4. Kagyz kassetalaryny çekip çykaryň.

    Kagyz kassetasy 2-ni çalaja galdyryp, çekip çykaryň.

  5. Dolandyryş paneliniň düwmesi ýokarda bolar ýaly edip, printeri dikeldip goýuň.

    Üns beriň:

    Printeri ýanyn goýýan wagtyňyz eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

  6. Matany suw bilen ölläp, mazaly syrkyň we roligi mata bilen aýlap süpüriň.

  7. Printeri öňki durkuna getiriň we kagyz kassetalaryny dakyň.

    Möhüm:

    Printeri uzak wagtlap ýanyn goýmaň.

  8. Tok şnuruny birikdiriň.