Çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylanmy-dälmi barlamak üçin, lüle-barlag şablonyny çap edýär.
Çap ediş golowkasynyň dykylan lülelerini arassalaýar. Bu funksiýa biraz syýa ulanýandygy sebäpli, çap ediş golowkasyny diňe lüleler dykylanda arassalaň. Lüle barlag şablonyny çap edip, eger şablonda azajyk kemçilik bar bolsa, Arassalaýyş saýlaň. Güýçli arassalaýyş Arassalaýyş-dan has köp syýa sarp edýär. Muny diňe lüle-barlag şablonynda köp kemçilik bar bolsa ulanyň.
Job Arranger Lite size dürli goýmalarda döredilen birnäçe faýly birleşdirmäge we olary ýeke iş hökmünde çap etmäge mümkinçilik berýär.
EPSON Status Monitor 3 penjiresini açýar. Şu ýerden printeriň we sarp ediş materiallarynyň ýagdaýyny tassyklap bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3 penjiresindäki zatlar üçin sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.
Dürli sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Ýardam görer ýaly, her zada sag basyň.
Çap edilmäge garaşýan işleri görkezýär. Çap ediş işlerini barlap, sägindirip ýa-da dowam etdirip bilersiňiz.
Printer draýweri penjiresinde ulanyljak dili üýtgedýär. Sazlamalary ulanmak üçin, printer draýwerini ýapyp, gaýtadan açyň.
Internetden programmalaryň in täze wersiýalaryny barlamak üçin, EPSON Software Updater başladýar.