> Nusgalamak > CD/DVD etiketkasyna nusgalamak

CD/DVD etiketkasyna nusgalamak

Disk etiketkasyny ýa-da fotosurat ýaly kwadrat originaly CD/DVD etiketkasyna nusgalap bilersiňiz.

Möhüm:
  • CD/DVD diske çap etmezden öň, CD/DVD ulanmak baradaky ätiýaçlyk çärelerine serediň.

    CD/DVD ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

  • Printer işläp duran wagty, CD/DVD lotogyny dakmaň. Ol printere zeper ýetirip biler.

  • Degişli görkezme berilýänçä, CD/DVD lotogyny girizmäň. Ýogsam, näsazlyk ýüze çykýar we CD/DVD çykarylýar.

  1. Dolandyryş panelinde Various Prints saýlaň.

  2. Copy to CD/DVD > Copy to CD/DVD saýlaň.

  3. Ekrandaky görkezmeleri berjaý edip, originaly ýerleşdiriň we Proceed to set up Outer/Inner. saýlaň.

    CD/DVD göni ortada däl bolsa, onuň orny awtomatik sazlanylýar.

  4. arkaly içerki we daşarky diametri görkezip, Select Type saýlaň.

    Içerki we daşarky diametriň çarçuwasynyň içinde saýlap we ekrandaky klawişler arkaly bahany girizip hem bilersiňiz.

    Bellik:
    • 1 mm artyşlar bilen daşarky diametri 114 – 120 mm we içerki diametri 18 – 46 mm belläp bilersiňiz.

    • Disk etiketkasy çap edilensoň, bellän daşarky we içerki diametriňiz öz aslyna dikeldilýär. Siz her çap edeniňizde şol diametrleri bellemeli.

    Copy to CD/DVD üçin menýu opsiýalary

  5. Print on CD/DVD saýlaň.

    Bellik:

    Synag çap ediş etmek üçin, Test print on A4 paper saýlap, kagyz kassetasy içine adaty A4 kagyz goýuň. CD/DVD etiketkasyna çap etmezden öň, çykjak suraty barlap bilersiňiz.

  6. Ekranda CD/DVD salmagyňyzy aýdýan hat görkezilse, How To saýlaň we CD/DVD salmak üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

    Möhüm:

    CD/DVD diski CD/DVD lotogynda çap edilýän ýüzüni ýokaryk edip goýuň. CD/DVD lotogynyň içine gowy ýerleşdirmek üçin, CD/DVD-niň ortasyny basyň. Ýogsam, CD/DVD lotokdan gaçyp biler. CD/DVD-niň lotokda berk durandygyny barlamak üçin, lotogy öwrüp görüň.

    Bellik:

    Lotogy printere salanyňyzda, biraz sürtelme duýmagyňyz mümkin. Ol adaty zat we ony keseligine salmaga dowam ediň.

  7. Installed saýlaň.

  8. Print on CD/DVD tabyny saýlap, reňkli nusga ýa-da monohrom nusga saýlaň we nusgalama dykyzlygyny geregiçe üýtgediň.

    Bellik:

    Skanlanan suraty görmek üçin, saýlaň. Synlaw ekranynda çap ediş ornuny sazlap bilersiňiz.

    Copy to CD/DVD üçin menýu opsiýalary

  9. Advanced Settings tabyny saýlap, gerekli sazlamalary üýtgediň.

    Copy to CD/DVD üçin menýu opsiýalary

  10. Print on CD/DVD tabyny saýlap, basyň.

  11. Çap ediş gutaranda, CD/DVD lotogy çykýar. Lotogy printerden aýryň we ekrandaky görkezmeleri berjaý edip, Printing Complete saýlaň.

    Möhüm:

    Çap ediş gutaransoň, CD/DVD lotogyny aýryň. Lotogy aýyrmasaňyz we printeriň toguny açmasaňyz/ýapmasaňyz ýa-da golowka arassalamagy işletmeseňiz, CD/DVD lotogy çap ediş golowkasyna urlar we printeriň bozulmagyna eltip biler.

  12. CD/DVD-ni aýryp, CD/DVD lotogyny kagyz kassetasy 2 düýbünde goýuň.