Syýa derejelerine baglylykda, syýa kartrijlerini çalşyrmazdan belli bir wagta çenli çat etmäge dowam edip bilersiňiz.
Wagtlaýynça diňe gara syýa bilen çap etmäge dowam et
Gara syýany aýamak üçin çap etmäge dowam et (diňe Windows üçin)
CD/DVD lotogy dakylan bolsa, lotogy aýryň.
Aşakdakylaryň birini ýerine ýetiriň.
Täze syýa kartrijini gabyndan aýryp, Next basyň.

Gapajygyny ýokary edip aýryň.

Suratda görkezilýän bölümlere degmäň. Şeýle etmeklik printeriň kadaly işlemegine we çap etmegine päsgel berip biler.

Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.
Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Haty tassyklap, Start basyň.
Syýa kartrijini saklaýjy çalşyryş ornuna süýşýär. Ýöne, syýa kartrijini saklaýjynyň birnäçe minutdan dolanmagy mümkin. Şeýle bolanda, 2 – 6 ädimleri gaýtalaň.
Syýa kartrijleri çalşyrylanda, olary dogry çalşyryş ornuna çalşyryň. Olar ýalňyş orna çalşyrsaňyz, tanamak näsazlygy ýüze çykýar. Eger näsazlyk ýüze çyksa, olary täzeden dogry çalşyryş ornuna giriziň.

Syýa kartrijini saklaýjyny açmak üçin, peltejigi basyň we kartriji diagonal edip aýryň.
Kartrijleri mümkin boldugyça çalt yzly-yzyna çalşyryň. Birlikde iki ýa-da has köp kartrij çalşyrsaňyz ýa-da çalşyrmak wagt alsa, printeriň öndürijiligini kepillendirmek üçin, biraz syýanyň sarp edilmegi mümkin.

Kartriji diagonal edip kartrij saklaýja salyň we tyrkyldap ýerine barýança, emaý bilen itekläň.

Skaner bloguny ýapyp, Completed basyň.
Ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.
Eger kartriji soň ulanmak ýa-da zyňmak üçin printerden aýyrsaňyz, syýanyň guramazlygy ýa-da daş-töwerege çyrşalmazlygy üçin, kartrijiň syýa çykýan deşiginiň gapagyny hökman dakyň. Gapajygy tyrkyldap ýerine barýança jebis ýapyň.

Syýa kartriji dakylansoň, printer syýa goýberýärkä, tok çyrasy ýanyp sönüp durýar. Syýa goýbermeklik dowam edýärkä, printeriň toguny öçürmäň. Eger syýa goýbermeklik doly tamamlanmasa, çap edip bolmazlygy mümkin.
Syýa guýmak dynýança, CD/DVD lotogyny dakmaň.