> Problemalary çözmek > LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Näsazlyk barada hatlar

Çözgüt

The combination of the IP address and the subnet mask is invalid. See your documentation for more details.

Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň.

Ink is low.

Syýa kartrijlerini çalşyrmagyňyz soralýança, çap etmäge dowam edip bilersiňiz. Ýöne, üns beriň, kartrijleriň islendik biri gutarsa, printer çap edip bilmeýär. Mümkin boldugyça çalt täze kartrijleri taýýarlaň.

Gara syýany aýamak üçin çap etmäge dowam et (diňe Windows üçin)

Ink cartridge(s) are low. Print job may not print completely.

Continue printing ýa-da Replace before printing saýlaň.

Continue printing saýlasaňyz, syýa kartrijini çalşyrmaly wagt bolandygyny görkezip, printeriň çap etmegi duruzmagy mümkin. Şonda, aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

  • Çap etmek bes edilip, kagyz daşyna çykarylanda

    No, cancel printing saýlap, kartriji çalşyryň. Yes, replace now saýlasaňyz, kartrij çalşyrylansoň, çap ediş dowam edýär we has köp kagyz biderek sarp edilýär.

  • Kagyz daşyna çykarylmadyk wagty

    Yes, replace now saýlap, kartriji çalşyryň. Kartrij çalşyrylansoň, çap ediş dowam edýär, ýöne reňkiň biraz üýtgemegi mümkin. Şeýle bolmaz ýaly, No, cancel printing saýlaň.

Syýa kartrijini çalşyrmaly wagt bolandygyny görkezip, printer çap etmegi duruzanda, kartriji çalşyrmak üçin skaner bloguny açyp ýapan wagtyňyz, skaner aýnasyndaky originalyň ýerinden süýşmegi mümkin. Originaly skaner aýnasynyň burç belligine deňläp ýerleşdiriň we nusgalamaga başlaň.

You need to replace the following ink cartridge(s).

Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Çalşyrmagyňyz soralanda, kartriji çalşyryň.

Syýa kartrijlerini çalşyrmak

Wagtlaýynça diňe gara syýa bilen çap etmäge dowam et

Print Head Adjustment Canceled. There is a problem with the print head. Contact Epson Support.

Lüle barlagy we golowka arassalamak 3 gezek gaýtalansa-da, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 6 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny we golowka arassalamagy ýene bir gezek gaýtalaň. Biz printeri düwmesi arkaly öçürmegi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Power Cleaning işlediň.

Power Cleaning işledilse-de, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 6 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny gaýtalaň. Çap edilýän şablona baglylykda, gaýtadan Cleaning ýa-da Power Cleaning işlediň. Eger şonda-da hil gowulaşmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.

Access the following or see documentation for details. Select [Dismiss] after confirming it.

Eger QR koduny skanlap bilmeseňiz, akylly enjam bilen birigiň. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Akylly enjama birikmek üçin sazlamalary bellemek

Communication error. Check if the computer is connected.

Kompýuter bilen printeri dogry birikdiriň. Eger toruň üsti bilen birigýän bolsaňyz, kompýuterden tor birikmesi usulyny düşündirýän sahypa serediň.

Skanlama wagtynda näsazlyk haty görkezilse, kompýuterde Epson Scan 2 bilen Epson Event Manager gurnalgymy-dälmi barlaň.

Kompýutere birikmek üçin sazlamalary bellemek

To use cloud services, update the root certificate from the Epson Web Config utility.

Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň.

Web-brauzerde Web Config işletmek

Install the Epson Event Manager software on the computer to use this feature. See your documentation for more details.

Kompýutere Epson Event Manager gurnaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Check the following if a computer is not found. - Connection between the printer and the computer (USB or network) - Installation of the necessary software - Power supply to the computer - Firewall and security software settings - Search again See your documentation for more details.

Kompýuteriň dogry birigendigini barlaň.

Birikme ýagdaýyny barlamak

Birikme ýagdaýyny barlamak

Kompýuterde Epson Event Manager gurnalgymy-dälmi anyklaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Check that the printer driver is installed on the computer and that the port settings for the printer are correct.

Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň.

USB birikmesi üçin "USBXXX", ýa-da tor birikmesinde printer draýweri gurnalgy barlag üçin "EpsonNet Print Port" saýlaň.

Check that the printer driver is installed on the computer and that the USB port settings for the printer are correct.

Printing is suspended to avoid printing on mismatched paper. Paper settings don't match the paper loaded in XX.

Çap ediş sazlamalaryny üýtgediň ýa-da kagyz kassetasyndaky çap ediş sazlamalaryna deň gelýän kagyz goýup, kagyz sazlamalaryny üýtgediň.

Bu hatyň indiki gezek görkezilmegini islemeseňiz, Settings > Guide Functions saýlap, Paper Mismatch sazlamasyny Off edip belläň.

Paper Configuration is set to Off. Some features may not be available. For details, see your documentation.

Eger Paper Configuration ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

Cannot use the inserted Memory Device. See your documentation for details.

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

The printer's borderless printing ink pad has reached the end of its service life. It is not a user-replaceable part. Please contact Epson support.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli.

Nireden kömek almaly

The printer's borderless printing ink pad is nearing the end of its service life. It is not a user-replaceable part. Please contact Epson support.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap edişe dowam etmek üçin, OK basyň.

Nireden kömek almaly

Printer Error

Turn on the printer again. See your documentation for more details.

Şulary ýerine ýetiriň.

1. Skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Eger çyrşak bolsa, aňyrsy görünýän plýonkany arassalaň.

Dykylan kagyzy aýyrmak

Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

2. Skaner bloguny ýapyp, toguny ýapyň we gaýtadan açyň.

Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem, näsazlyk baradaky hat aýrylmasa, Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutuň.

Nireden kömek almaly

An error occurred while saving. Check and if necessary, change the memory device.

Ýat karty ýaly daşarky ammar enjamyna zeper ýetip biler. Enjam elýeterlimi-dälmi barlaň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Cannot recognize the media. See your documentation for more details about the media

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Paper remains inside because it is placed sideways. Place XX size of paper in the XX. Press "Complete" to remove the paper inside.

yzky kagyz beriş öýjigi içine A4 kagyz goýup, Done basyň. Aýrylan kagyzy ýene dik ugra edip, yzky kagyz beriş öýjigi ortasyndaky ok belgisine deňläp goýuň.

Recovery Mode

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.