Ýerini üýtgetmek ýa-da bejermek üçin, printeri saklamaly ýa-da daşamaly bolsaňyz, printeri şu aşakdaky görkezmeleri berjaý edip gaplaň.
Skaner bloguny açanyňyzda ýa-da ýapanyňyzda eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.
Printeri saklanyňyzda ýa-da daşanyňyzda, ony egmäň, dik goýmaň ýa-da başaşak öwürmäň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

Syýa kartrijlerini dakyp goýuň. Kartrijleri aýyrmaklyk çap ediş golowkasyny guradyp, printeriň çap etmegine päsgel berip biler.
Eger printerden kartriji aýyrmaly bolan ýagdaýyňyzda, kartrijiň syýa çykýan deşigine gapajygy dakyň; ýogsam, deşik gurar we printere dakan wagtyňyz durnuksyz bolar.

düwmesini basyp, printeri ýapyň.
Tok çyrasynyň sönendigini barlaň we tok şnuruny sogruň.
Tok şnuruny tok çyrasy sönük wagty sogruň. Ýogsam, çap ediş golowkasy başlangyç ornuna dolanmaz we syýanyň guramagyna hem-de çap edip bolmazlygyna sebäp bolar.
Tok şnury we USB kabeli ýaly ähli kabelleri sogruň.
Ýat kartynyň ýokdugyny ýa-da daşarky USD enjamynyň dakylmandygyny anyklaň.
Printerdäki ähli kagyzlary aýryň.
Printerde original ýokdugyny barlaň.
Skaneriň gapagyny ýapyk saklap, skaner bloguny açyň.

Berilýän gorag materialyny ýokarsyna lenta bilen berkidip, syýa kartrijini saklaýjyny pugtalaň.

Skaner bloguny ýapyň.
Skaner blogy haýal ýapylmaga we barmak gapjalmaz ýaly, biraz garşylyk görkezmäge dizaýn edilendir. Biraz garşylyk duýsaňyz hem, ýapmaga dowam ediň.
Printeri aşakda görkezilişi ýaly gaplamaga taýýarlanyň.

Gorag materiallaryny ulanyp, printer öz gutusyna gaplaň.
Printeri täzeden ulanjak wagtyňyz, syýa kartrijini saklaýjydaky lentany aýryň. Indiki gezek çap edeniňizde çap edişiň hili peselse, golowkany arassalaň we deňläň.