> Nusgalamak > CD/DVD etiketkasyna nusgalamak

CD/DVD etiketkasyna nusgalamak

Disk etiketkasyny ýa-da fotosurat ýaly kwadrat originaly CD/DVD etiketkasyna nusgalap bilersiňiz.

Dürli çap edişler > CD/DVD nusgala > CD/DVD nusgala

Möhüm:
  • CD/DVD diske çap etmezden öň, CD/DVD ulanmak baradaky ätiýaçlyk çärelerine serediň.

    CD/DVD ulanmak boýunça ätiýaçlyk çäreleri

  • Printer işläp duran wagty, CD/DVD lotogyny dakmaň. Ol printere zeper ýetirip biler.

  • Degişli görkezme berilýänçä, CD/DVD lotogyny girizmäň. Ýogsam, näsazlyk ýüze çykýar we CD/DVD çykarylýar.

  • CD/DVD diski CD/DVD lotogynda çap edilýän ýüzüni ýokaryk edip goýuň. CD/DVD lotogynyň içine gowy ýerleşdirmek üçin, CD/DVD-niň ortasyny basyň. Ýogsam, CD/DVD lotokdan gaçyp biler. CD/DVD-niň lotokda berk durandygyny barlamak üçin, lotogy öwrüp görüň.

  • Çap ediş gutaransoň, CD/DVD lotogyny aýryň. Lotogy aýyrmasaňyz we printeriň toguny açmasaňyz/ýapmasaňyz ýa-da golowka arassalamagy işletmeseňiz, CD/DVD lotogy çap ediş golowkasyna urlar we printeriň bozulmagyna eltip biler.

Bellik:
  • 1 mm artyşlar bilen daşarky diametri 114–120 mm we içerki diametri 18–46 mm belläp bilersiňiz.

  • Disk etiketkasy çap edilensoň, bellän daşarky we içerki diametriňiz öz aslyna dikeldilýär. Siz her çap edeniňizde şol diametrleri bellemeli.

    CD/DVD nusgala üçin menýu opsiýalary

  • Synag çap ediş etmek üçin, A4 kagyzynda synag çap edişi saýlap, kagyz kassetasy içine adaty A4 kagyz goýuň. CD/DVD etiketkasyna çap etmezden öň, çykjak suraty barlap bilersiňiz.

  • Lotogy printere salanyňyzda, biraz sürtelme duýmagyňyz mümkin. Ol adaty zat we ony keseligine salmaga dowam ediň.

  • Skanlanan suraty görmek üçin, saýlaň. Synlaw ekranynda çap ediş ornuny sazlap bilersiňiz.