Çykyş lotogy uzadylsa, ony
saýlap ýapyň.

Öňdäki gapagy tyrkyldadyp açyň.

Printeriň işlemän durandygyny barlap, kagyz kassetasy 2 çykaryň.

kagyz kassetasy 2 doly çykarsaňyz hem, kagyz goýup bilersiňiz. kagyz kassetasy 2 çalaja galdyryp, çekip çykaryň.
Gyra gönükdirijilerini maksimum ornuna süýşüriň.

Çap edilýän ýüzüni aşak edip, kagyz kassetasy 2 düýbüne degrip, kagyz goýuň.

kagyz kassetasy içine dürli kagyz görnüşlerini goýmaň.
A4 ölçegden uzyn kagyzy aşakdaky suratda görkezilişi ýaly goýuň.


Kassetadan çykyp duran kagyzy iteklemäň.

Gyra gönükdirijilerini kagyzyň gyralaryna süýşüriň.

Kagyz üçin görkezilen maksimum list sanyndan köp goýmaň.

kagyz kassetasy 2-ni soňuna çenli giriziň.

Dolandyryş panelini galdyryň.

Kagyz ölçegini we görnüşini saýlaň.
Sazlamalary barlap, Ýapmak saýlaň.
Çap ediş başlanda, çykyş lotogy awtomatik çykýar. Ony çap ediş başlamanka öňünden el bilenem çykaryp bilersiňiz.