> Problemalary çözmek > LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Näsazlyk barada hatlar

Çözgüt

IP salgy we kiçi tor maska kombinasiýalary dogry däl. Goşmaça maglumatlar üçin resminamaňyzy görüň.

Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň.

Syýa az.

Syýa kartrijlerini çalşyrmagyňyz soralýança, çap etmäge dowam edip bilersiňiz. Ýöne, üns beriň, kartrijleriň islendik biri gutarsa, printer çap edip bilmeýär. Mümkin boldugyça çalt täze kartrijleri taýýarlaň.

Gara syýa gutaryp barýarka we ýeterlik möçberde reňkli syýa galanda, şu aşakdakylara serediň.

Gara syýany aýamak üçin çap etmäge dowam et (diňe Windows üçin)

Syýa kartriji(leri) pes. Çap ediş wezipesi dolulygyna çap edilip bilinmez.

Çap edişe dowam et ýa-da Çap etmezden ozal çalşyryň saýlaň.

Çap edişe dowam et saýlasaňyz, syýa kartrijini çalşyrmaly wagt bolandygyny görkezip, printeriň çap etmegi duruzmagy mümkin. Şonda, aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

  • Çap etmek bes edilip, kagyz daşyna çykarylanda

    Ýok, çap etmäni ýatyr saýlap, kartriji çalşyryň. Şu wagt çalyş saýlasaňyz, kartrij çalşyrylansoň, çap ediş dowam edýär we has köp kagyz biderek sarp edilýär.

  • Kagyz daşyna çykarylmadyk wagty

    Şu wagt çalyş saýlap, kartriji çalşyryň. Kartrij çalşyrylansoň, çap ediş dowam edýär, ýöne reňkiň biraz üýtgemegi mümkin. Şeýle bolmaz ýaly, Ýok, çap etmäni ýatyr saýlaň.

Syýa kartrijini çalşyrmaly wagt bolandygyny görkezip, printer çap etmegi duruzanda, kartriji çalşyrmak üçin skaner bloguny açyp ýapan wagtyňyz, skaner aýnasyndaky originalyň ýerinden süýşmegi mümkin. Originaly skaner aýnasynyň burç belligine deňläp ýerleşdiriň we nusgalamaga başlaň.

Aşakdaky Syýa kartriji(leri) çalşyrmaly bolýarsyňyz.

Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Çalşyrmagyňyz soralanda, kartriji çalşyryň.

Syýa kartrijlerini çalşyrmak

Reňkli syýa gutaranda we gara syýa henizem bar bolanda, şu aşakdakylara serediň.

Wagtlaýynça gara syýa bilen çap etmek

Çap ediş golowka Sazlama ýatyryldy. Çap ediş golowkasy bilen mesele bar. Epson Goldawyna ýüz tutuň.

Lüle barlagy we golowka arassalamak 3 gezek gaýtalansa-da, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 12 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny ýene bir gezek işledip, golowka arassalamagy gaýtalaň. Biz printeri düwmesi arkaly öçürmegi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Güýçli arassalaýyş işlediň.

Güýçli Arassalaýyş işledilse-de, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 12 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny gaýtalaň. Çap edilýän şablona baglylykda, gaýtadan Çap Ediş Başyny Arassala ýa-da Güýçli Arassalaýyş işlediň. Eger şonda-da hil gowulaşmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.

Aşakdakylara giriň ýa-da jikme-jiklik üçin resminamalara serediň. Tassyklap, soňra [Düşnükli] saýlaň.

Eger QR koduny skanlap bilmeseňiz, akylly enjam bilen birigiň. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Akylly enjama birikmek üçin sazlamalary bellemek

Syýa kartriji tanalmaýar. Näsazlyk aýyrmak üçin "Indiki" saýlaň.

  • Syýa kartriji dogry dakylmadyk. Her bir syýa kartrijini emaý bilen aşak basyň. Olar tyrkyldap öz ýerine barmalydyr.

  • Dakylgy syýa kartrijini bu printer bilen ulanyp bolmaýar. Syýa kartrijlerini şu printer bilen ylalaşykly kartrijler bilen çalşyryň.

    Syýa kartriji kodlary

Birikdirme ýalňyşy. Birikdirmäni barlaň.

Kompýuter bilen printeri dogry birikdiriň. Eger toruň üsti bilen birigýän bolsaňyz, kompýuterden tor birikmesi usulyny düşündirýän sahypa serediň.

Skanlama edilýärkä näsazlyk haty görkezilse, kompýuterde Epson ScanSmart gurnalgymy-dälmi barlaň.

Kompýutere birikmek üçin sazlamalary bellemek

Daşky tor gurşawyny ulanmaklyk üçin asyl şahadatnamany täzeläň.

Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň.

Web-brauzerde Web Config işletmek

Kompýutere Epson Event Manager maksatnamany bu aýratynlygy ulanmak üçin gurnaň. Jikme-jik magl. üçin öz resminamaňyza serediň.

Kompýutere Epson ScanSmart gurnaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Haçan komp. tapylmasa, aşakylary berjaý ediň. - Printer bilen komp. ar. birikme (USB ýa-da tor ulg.) - Hökmany maks. gurnamasy - Kompýuter bilen işledilen - Goragyň tor enjamy we howpsuz maksatnama üpj. üçin sazl. - Gaýtadan gözläň Jikme-jik magl. üçin resminamalaryňyza serediň.

Kompýuteriň dogry birigendigini barlaň.

Birikme ýagdaýyny barlamak

Kompýuterde Epson ScanSmart gurnalgymy-dälmi anyklaň.

Programmalary aýratyn gurnamak

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin port sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Çap Ediş Nobaty basyň (printer draýweriniň Abatlaýyş tabynda). Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň.

USB birikmesi üçin "USBXXX", ýa-da tor birikmesinde printer draýweri gurnalgy barlag üçin "EpsonNet Print Port" saýlaň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin USB sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Kagyz konfigurasiýasy Ýapyk edilip bellenen. Käbir funksiýalar elýeterli bolman biler. Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Eger Kagyz konfigurasiýasy ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

Salynan Ýat karty ulanyp bilenok. Jikme-jik magl. üçin resminamaňyza serediň.

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna ýetdi. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli.

Nireden kömek almaly

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna golaýlaýar. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap edişe dowam etmek üçin, OK basyň.

Nireden kömek almaly

Printer Ýalňyşlygy

Togy öçürip, täzeden açyň. Problema dowam etse, "Dowam et" basyň.

Şulary ýerine ýetiriň:

1. Skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Eger çyrşak bolsa, aňyrsy görünýän plýonkany arassalaň.

Dykylan kagyzy aýyrmak

Aňyrsy görünýän plýonkany arassalamak

2. Skaner bloguny ýapyp, toguny ýapyň we gaýtadan açyň.

Printeriň toguny açyp ýapanyňyzdan soň hem, näsazlyk baradaky hat aýrylmasa, Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutuň.

Nireden kömek almaly

Ýazdyrylan mahaly ýalňyşlyk peýda boldy. Barlaň we eger gerek bolsa ýat enjamyny çalşyň.

Ýat karty ýaly daşarky ammar enjamyna zeper ýetip biler. Enjam elýeterlimi-dälmi barlaň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Mediýany anyklap bilenok. Mediýa hakynda köň maglumat üçin öz resminamaňyza serediň

Önüm tarapyndan goldanylýan ýat enjamyny ulanyň.

Ýat enjamy häsiýetnamasy

Onuň gapdallaýyn ýerleşdirilenligi sebäpli, içinde kagyz galýar. XX ölçegli kagyzy XX ýerleşdiriň. Içindäki kagyzy aýyrmak üçin "Tamamlamak" basyň.

yzky kagyz beriş öýjigi içine A4 kagyz goýup, Edildi basyň. Aýrylan kagyzy ýene dik ugra edip, yzky kagyz beriş öýjigi ortasyndaky ok belgisine deňläp goýuň.

XX içine aşakdaky kagyzy goýduňyzmy?

Çap ediş sazlamalaryny üýtgediň ýa-da kagyz kassetasyndaky çap ediş sazlamalaryna deň gelýän kagyz goýup, kagyz sazlamalaryny üýtgediň.

Bu hatyň indiki gezek görkezilmegini islemeseňiz, Sazlamalar > Gönükdiriji funksiýalar saýlap, Kagyz garşyl. sazlamasyny Off edip belläň.

Recovery Mode

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.