Öý ekranda Hyzmat ediş saýlaň.
Zat saýlamak üçin,
düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.
Syýa guý saýlaň.
Syýa guýmak baradaky ähli howpsuzlyk we ulanyş çärelerini okamak üçin,
düwmesini basyň we dowam etmek üçin, OK düwmesini basyň.
Syýa gutusy gapagyny açyň.

Syýa gutusy gapajygyny açyň.

Syýa gutusynyň reňki bilen guýmakçy bolýan syýaňyzyň reňki deň bolmalydyr.
Syýa çüýşejigini dik saklap, gapajygy ýuwaşja towlap aýryň.

Epson hakyky Epson syýa çüýşejiklerini ulanmaklygy maslahat berýär.
Seresap boluň, syýany dökäýmäň.
Syýa gutusyndaky (a) ýokarky çyzygy barlaň.

Syýa çüýşejiginiň depesini guýuş portuna gabatlap, ony göni porta giriziň we syýany ýokarky çyzyga çenli öz-özi durýança guýuň.
Syýa çüýşesini dogry reňkdäki dolduryş portuna girizen wagtyňyz, syýa guýlup başlaýar we syýa ýokarky çyzyga ýetende, onuň akmagy öz-özünden durýar.
Eger syýa guta akyp başlamasa, çüýşejigi aýryp, täzeden dakyň. Ýöne, syýa ýokarky çyzyga ýetende, syýa çüýşejigini aýyrmaň we täzeden dakmaň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

Syýa guýlup bolansoň, syýa çüýşejigini aýryň.
Syýa çüýşejigini dakylgy galdyrmaň; ýogsam, çüýşejige zeper ýetirip ýa-da syýa syzyp biler.
Eger çüýşejikde syýa galsa, gapajygyň berk ýapyp, soň ulanmak üçin dik görnüşde ýygnap goýuň.

Syýa gutusynyň gapajygyny pugta ýapyň.

Syýa gutusy gapagyny berk ýapyň.

düwmesini basyň, soňra ekrandaky görkezmeleri berjaý edip, syýa derejesini belläň.
Eger syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli doldurmasaňyz hem, printeri ulanmaga dowam edip bilersiňiz. Ýöne, printeri optimal şertde işledip saklamak üçin, syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli dolduryň we derrew syýa derejesini nol ediň.