Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty
Resminamalary we suratlary skanlamak üçin programma (Epson Scan 2)
Dolandyryş panelinden skanlama amallaryny düzmek üçin programma (Epson Event Manager)
Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)
Kompýuterden çalt we hezil çap etmek üçin programma (Epson Photo+)
Akylly enjamda printeri ýeňil işletmek üçin programma (Epson Smart Panel)
Programma üpjünçiligini we proşiwkany täzelemek üçin programma (Epson Software Updater)
Simsiz ugurlaýja birikmek üçin gerek bolan maglumaty printeriň dolandyryş panelinden girizmek arkaly, Wi-Fi toruny sazlap bilersiňiz. Bu usul arkaly sazlamak üçin, size simsiz ugurlaýjynyň SSID-i we paroly gerek.
Eger simsiz ugurlaýjyny standart sazlamalary bilen bilelikde ulanýan bolsaňyz, SSID bilen parol etiketkada bardyr. SSID-i we paroly bilmeýän bolsaňyz, simsiz ugurlaýjyny sazlan kişä ýüz tutuň ýa-da giriş nokadynyň ýany bilen berilýän resminamalara serediň.

Öý ekranda Wi-Fi Gurnama saýlaň.
Zat saýlamak üçin,
düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.
Wi-Fi (Maslahat berilýär) saýlaň.
Dowam etmek üçin, OK düwmesini basyň.
Wi-Fi gurnaw ussady saýlaň.
Printeriň dolandyryş panelinden simsiz ugurlaýjy üçin SSID-i saýlap, OK düwmesini basyň.
Eger birikmek isleýän SSID-iňiz printeriň dolandyryş panelinde görkezilmeýän bolsa, sanawy täzelemek üçin,
düwmesine basyň. Eger şonda-da görkezilmese, Beýleki SSID saýlap, SSID-i göni giriziň.
Eger SSID-i bilmeýän bolsaňyz, simsiz ugurlaýjynyň etiketkasyna ýazylanmy-dälmi barlaň. Eger simsiz ugurlaýjyny standart sazlamalary bilen ulanýan bolsaňyz, etiketkada ýazylgy SSID-i ulanyň.
Paroly giriziň.
Sazlamalar gutaransoň, tor birikmesi hasabatyny çap etmelimi-dälmi saýlaň.
Parol baş-setir harpa duýgurdyr.
Eger tor adyny (SSID) bilmeýän bolsaňyz, maglumat simsiz ugurlaýjynyň etiketkasyna ýazylanmy-dälmi barlaň. Eger simsiz ugurlaýjyny standart sazlamalary bilen ulanýan bolsaňyz, etiketkadaky SSID-i ulanyň. Hiç hili maglumat tapmasaňyz, simsiz ugurlaýjy bilen berlen resminamalara serediň.
Gurnawy dynan wagtyňyz,
düwmesini basyň.
Eger birigip bilmeseňiz, kagyz goýuň we tor birikmesini hasabatyny çap etmek üçin,
düwmesine basyň.