Web Config ýa-da başga gurallar arkaly, kontaktlary ätiýaçlap we importlap bilersiňiz.
Web Config üçin
Içinde kontaktlar bar bolan printer sazlamalaryny eksportlap, kontaktlary ätiýaçlap bilersiňiz. Eksportlanan faýly redaktirläp bolmaýar, sebäbi ol binar faýl görnüşinde eksportlanan.
Printer sazlamalary printere importlananda, kontaktlaryň üstünden ýazylýar.
Epson Device Admin üçin
Enjamyň aýratynlyk ekranyndan diňe kontaktlary eksportlap bolýar.
Eger howpsuzlyk bilen dahylly zatlary eksportlamasaňyz, eksportlanan kontaktlary redaktirläp we importlap bilersiňiz, sebäbi ony SYLK ýa-da CSV faýly görnüşinde ýazdyryp bolýar.
Kontaktlaryňyzy birnäçe printere köp-köpden importlap bilersiňiz. Printerleri çalşyran wagtyňyz we köne printerlerdäki kontaktlary täze printerlere geçirmek islän mahalyňyz onuň peýdasy degýär.
Goşmaça maglumat üçin, dokumentasiýaňyza ýa-da Epson Device Admin kömegine serediň