Eger kontaktlary ätiýaçlamaga mümkinçilik berýän we şu printer bilen ylalaşykly printeriňiz bar bolsa, ätiýaç faýly importlamak arkaly, kontaktlary ýeňillik bilen bellige alyp bilersiňiz.
Şu printer bilen ylalaşykly kontaktlary ätiýaçlamak baradaky görkezmeler üçin, şu printer bilen ylalaşykly kontaktlar sanawy bar bolan printeriň ýany bilen berlen dokumentasiýa serediň.
Şu printere kontaktlary importlamak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.
Web Config-e girmek üçin, printeriň IP salgysyny brauzere giriziň.
Printer bilen şol bir tora birigen kompýuterden printeriň IP salgysyny giriziň.
Printeriň IP salgysyny aşakdaky menýudan barlap bilersiňiz.
Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Tor Ýagdaýy > Simly LAN/Wi-Fi Ýagdaýy
Administrator bolup ulgama girmek üçin, administrator parolyny giriziň.
Aşakdaky yzygiderlikde saýlaň.
Device Management > Export and Import Setting Value > Import
File-da döredilen ätiýaç faýlyny saýlap, paroly giriziň we Next basyň.
Contacts gutujygyny saýlap, Next basyň.