> Originallary ýerleşdirmek > Originalyň ölçegini awtomatik anyklamak

Originalyň ölçegini awtomatik anyklamak

Kagyz sazlamasy edip Awto-tap saýlasaňyz, kagyz ölçeginiň aşakdaky görnüşleri awtomatik anyklanýar.

  • Dik ýerleşdirmek: A4, B5, A5, 16K*

    Originalyň uzyn gyrasyny awto-berijiniň kagyz beriş girelgesine tarap edip ýa-da skanner aýnasynyň çep gyrasyna ýerleşdiriň.

  • Kese ýerleşdirmek: A3, B4, A4, B5, A5 (diňe skanner aýnasy), 8K*, 16K*

    Originalyň gysga gyrasyny awto-berijiniň kagyz beriş girelgesine tarap edip ýa-da skanner aýnasynyň çep gyrasyna ýerleşdiriň.

    *: Kagyz K ölçeg öňürtiligi işledilende anyklanylýar. Emma, ulanyp duran funksiýalaryňyza baglylykda onuň anyklanmazlygy hem mümkin. Has jikme-jiklik üçin, aşakdaky "Dahylly maglumata" serediň.

Bellik:

Aşakdaky originallaryň ölçegleriniň awtomatik anyklanmazlygy mümkin. Eger ölçegler anyklanmasa, dolandyryş panelinde ölçegi el bilen belläň.

  • Originallar ýyrtyk, eplenen, ýygyrt-ýygyrt ýa-da towlanyp dur (originallar towlanyp duran bolsa, olary ýerleşdirmezden öň tekizläň).

  • Köp çatyş deşikli originallar

  • Proýektor plýonkalary, aňyrsy görünýän ýa-da ýalpyldawuk originallar