Güýçli Arassalaýyş işletmek — Dolandyryş paneli

Bu aýratynlygy işletmezden öň, Güýçli Arassalaýyş üçin görkezmeleri okaň.

  1. Printeri öçürmek üçin, düwmesini basyň.

  2. we düwmelerini basyp saklap, tassyklama ekrany görner ýaly, energiýa çyrasy ýanyp-sönüp başlaýança energiýa düwmesini basyň.

  3. Güýçli Arassalaýyş aýratynlygyny işletmek üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

    Bellik:

    Bu aýratynlygy işledip bilmeseňiz, ekranda görkezilýän problemalary çözüň. Soňra, bu aýratynlygy işletmek üçin, şu prosedurany 1-nji ädimden başlap berjaý ediň.

  4. Bu aýratynlygy işledeniňizden soň, lüleler dykylmaz ýaly, lüle barlagyny işlediň.

    Lüle barlagyny işletmek baradaky jikme-jiklik üçin, aşakdaky dahylly maglumaty görüň.

    Möhüm:

    Güýçli Arassalaýyş işledilse-de, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 6 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny gaýtalaň. Çap edilýän şablona baglylykda, gaýtadan Çap Ediş Başyny Arassalama ýa-da Güýçli Arassalaýyş işlediň. Eger şonda-da hil gowulaşmasa, Epson goldawyna ýüz tutuň.