> Originallary ýerleşdirmek > Originallary ýerleşdirmek

Originallary ýerleşdirmek

Printeriň LCD ekranynda görkezilýän animasiýalara salgylanyp, originallary ýerleşdirip bilersiňiz.

saýlap, Usuly > Original kagyzlary Ýerleşdir saýlaň. Görmek isleýän originallaryňyzy ýerleşdirmegiň usulyny saýlaň. Animasiýa ekranyny ýapmak üçin, Gutardy saýlaň.

Birnäçe originaly nusgalamak isleseňiz, ähli originallary awto-berijä ýerleşdiriň.

Skaner aýnasy ulanylanda
Üns beriň:

Skaneriň gapagyny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

Möhüm:
  • Köp sanly original (mes. kitap) goýanyňyzda, skaner aýnasyna daşarky ýagtylygyň göni düşmegine ýol bermäň.

    Daşarky çyra gaty güýçli bolsa, originalyň ölçeginiň awtomatik anyklanmazlygy ýa-da nusgalama/skanlama netijesiniň agarmagy mümkindir.

  • Skaner aýnasyna gaty zor salmaň. Ýogsam, oňa zeper ýetmegi mümkin.

  • Originaly gaty zor salyp basmaň. Eger gaty zor salyp bassaňyz, onda bulanyklyk, çyrşaklar we tegmiller ýüze çykmagy mümkin.

  • Eger originalda eplenme bellikleri ýa-da ýygyrtlar bar bolsa, olary tekizläp, skaner aýnasyna ýerleşdiriň. Originalyň skaner aýnasyna doly galtaşmaýan ýerlerinde suratlaryň bulanyk çykmagy mümkin.

  • Skaner aýnasynyň ýüzünde galyndy ýa-da hapa bar bolsa, şony hem almak üçin, skanlama aralygy giňelip biler, şeýlelikde originalyň suratynyň süýşmegi ýa-da kiçelmegi mümkin. Skanlamazdan öň, skaner aýnasyndaky islendik hapa-hupany aýryň.

  • Skanlap bolanyňyzdan soňra, originallary aýryň. Originallary skaner aýnasynda uzak wagtlap galdyrsaňyz, olaryň aýnanyň ýüzüne ýelmeşmegi mümkin.

Bellik:
  • Skaner aýnasynyň gyralaryndan 1,5 mm aralyk skanlanmaýar.

  • Originallar awto-berijide we skaner aýnasynda goýlanda, awto-berijidäki originallar öňürti skanlanýar.

  • Käbir ölçegleri awtomatik tapyp bolmazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda, originallaryň ölçegini elde saýlaň.

ADF ulanylanda
Möhüm:
  • Originallary ADFniň gyra gönükdirijisiniň içindäki üçburçluk belgisiniň aşagyndaky çyzykdan ýokarda goýmaň.

  • Skanlama dowam edýärkä, originallary goşmaň.

Bellik:
  • A4 ölçegden kiçi originallary uzyn gyrasyny ADF-e tarap edip ýerleşdirip bilersiňiz.

  • Käbir ölçegleri awtomatik tapyp bolmazlygy mümkin. Şeýle ýagdaýda, originallaryň ölçegini elde saýlaň.