Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty
Resminamalary we suratlary skanlamak üçin programma (Epson Scan 2)
Dolandyryş panelinden skanlama amallaryny düzmek üçin programma (Epson Event Manager)
Kompýuterden çalt we hezil çap etmek üçin programma (Epson Photo+)
Akylly enjamda printeri ýeňil işletmek üçin programma (Epson Smart Panel)
Programma üpjünçiligini we proşiwkany täzelemek üçin programma (Epson Software Updater)
Epson iPrint size akylly enjamdan (mes. smartfondan ýa-da planşetden) fotosuratlary, resminamalary we web-sahypalary çap etmegiňize mümkinçilik berýär. Siz iki görnüşde çap edip bilersiňiz: ýerli görnüşde, ýagny printeriňiz bilen şol bir simsiz tora birikdirilen akylly enjamdan çap etmek ýa-da uzakdan, internetiň üsti bilen uzakdaky ýerden çap etmek. Uzakdan çap etmek üçin, printeriňizi Epson Connect hyzmatynda bellige alyň.
Printer tor birikmedik wagty Epson iPrint başlatsaňyz, printere birikmegiňizi görkezme berýän hat görkezilýär. Birikmäni tamamlamak üçin, görkezmeleri berjaý ediň. Işlediş şertleri üçin aşakdaky URL-ä serediň.
