Syýa kartrijlerini we beýleki sarp ediş materiallaryny çalşyrmak
Tor hyzmaty we programma üpjünçiligi maglumaty
Resminamalary we suratlary skanlamak üçin programma (Epson Scan 2)
Dolandyryş panelinden skanlama amallaryny düzmek üçin programma (Epson Event Manager)
Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)
Kompýuterden çalt we hezil çap etmek üçin programma (Epson Photo+)
Akylly enjamda printeri ýeňil işletmek üçin programma (Epson Smart Panel)
Programma üpjünçiligini we proşiwkany täzelemek üçin programma (Epson Software Updater)
Çap edilen material boýunça problemalar
Suratlar ýa-da fotosuratlar garaşylmadyk reňklerde çap edilýär
Çap edilen materialyň orny, ölçegi ýa-da gyraky ýeri ýalňyş düşýär
Nusgalanan suratda endigan däl reňkler, çyrşaklar, nokatlar ýa-da göni çyzyklar peýda bolýar
Nusgalanan suratda originalyň ters tarapyndaky surat görünýär
Awto-berijiden nusgalanan tekst ýa-da surat gysylýar ýa-da süýnýär
LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.
|
Näsazlyk barada hatlar |
Çözgütler |
|---|---|
|
Printer Ýalňyşlygy Printeri gaýtadan işe giriziň. Köp maglumat üçin öz resminamalaryňyza serediň. |
Printerden islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy aýryň. Eger näsazlyk haty şonda-da görkezilse, Epson goldawyna ýüz tutuň. |
|
Syýa kartrijiçalyşmaly. |
Iň ýokary hilli çap etmekligi we golowkanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, printer kartriji çalşyrmalydygyny habar berende, kartrijde belli bir möçberde rezerw syýa goýulýar. Çalşyrmagyňyz soralanda, kartriji çalşyryň. |
|
Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna golaýlaýar. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň. |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Syýa prokladkasy çalşyrylýança hat görkezilip durar. Çap edişe dowam etmek üçin, Düşnükli saýlaň. |
|
Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna ýetdi. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň. |
Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Araçäksiz çap ediş elýeterli däl, ýöne araçäkli çap ediş elýeterli. |
|
Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi Ýapyk edilip bellenen. Käbir funksiýalar elýeterli bolman biler. Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň. |
Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz. |
|
Aýlama tony tapylmady. |
Problemanyň şeýle çözülmegi mümkin: Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Esasy Sazlamalar > Liniýa Görnüşi saýlap, PBX saýlaň. Telefon ulgamyňyza daşarky liniýa çykmak üçin daşarky giriş kody gerek bolsa, PBX saýlap, giriş koduny belläň. Daşarky faks belgisini girizeniňizde, hakyky giriş koduna derek # (gözenek) ulanyň. Ol birikmäni has göwnejaý üpjün edýär. Eger näsazlyk barada hat şonda-da aýrylmasa, Tonal Signaly Anyklamak sazlamalaryny ýapyň. Ýöne, ol funksiýany ýapsaňyz, faks belgisiniň birinji sifriniň galdyrylyp, faksyň ýalňyş belgä gitmegi mümkin. |
|
IP salgy we kiçi tor maska kombinasiýalary dogry däl. Goşmaça maglumatlar üçin resminamaňyzy görüň. |
Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň. |
|
Daşky tor gurşawyny ulanmaklyk üçin asyl şahadatnamany täzeläň. |
Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň. |
|
Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin port sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň. |
Çap Ediş Nobaty basyň (printer draýweriniň Abatlaýyş tabynda). Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň. USB birikmesi üçin "USBXXX", ýa-da tor birikmesi üçin "EpsonNet Print Port" saýlaň. |
|
Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin USB sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň. |
|
|
Recovery Mode |
Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň. 1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.) 2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň. |
* Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda örän az artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.